Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk akademikleri 'terrorçylyga' baglylykda sud edilýär


Stambul uniwersiteti
Stambul uniwersiteti

Türkiýeli dört akademik “terrorçy propagandany” ýaýratmakda aýyplanyp, Stambulda sud edilýär. Bu, Türkiýede söz azatlygynyň çäklendirilmegine degişli işe sud tarapyndan seredilmegi bilen bagly nobatdaky wakadyr.

Dört akademik ýanwar aýynda 1000 çemesi kärdeşi bilen bilelikde kürt gozgalaňçylaryna garşy harby operasiýalaryň geçirilmegini ýazgaryp, deklarasiýa gol çekipdi.

Olar deklarasiýany köpçülige ýetirmek boýunça geçiren metbugat-konferensiýasyndan soň tussag edilipdi.

Ýene bir sud jaýynda hökümetiň Siriýa ýarag gaçakçylygyny amala aşyrýandygyny güman edýän habarlary ýaýradan iki abraýly žurnalistiň işi ýapyk gapylaryň aňrysynda diňlendi.

Stambulyň merkezinde diňlenişigiň geçýän wagtynda protestçiler “Akademiklere azatlyk” diýen şygar bilen çykyş etdiler, polisiýasy ýagdaýa gözegçilik etdi.

XS
SM
MD
LG