Sepleriň elýeterliligi

"Gadamy batly bedew" ýüze sylyndy


Türkmen telewideniýesi penşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Gadamy batly bedew» atly kitabyny egindeşlerine sowgat berendigini habar berdi.

Milli telewideniýäniň ekranynda resmileriň prezidentiň kitabyny ýüzlerine sylyp, gymmatly sowgat hökmünde kabul edişleri görkezildi.

Türkmen prezidenti biraz öň, ýagny 18-nji martda hem çaý hakynda kitap ýazandygyny aýdyp, ony egindeşlerine sowgat beripdi. Şonda-da olar prezidentiň täze kitabyny ýüzlerine sylyp, baş egip kabul eipdiler.

Azatlyk radiosynyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda prezidentiň kitabyny ýüze sylýan resmileri görkezýän widoşekilleriň aşagynda pikir galdyrýan okyjylarymyz bu ýagdaýy o diýen oňlamaýarlar.

Mysal üçin, Är ýigit atly okyjymyz Azatlygyň websaýtynda «prezidentimize ylham baýlygy berlipdir diýsegem bolardy welin, arman çap edilýän kitaplaryň asyl awtorlarynyň kine etmegi mümkin» diýip ýazypdyr.

Bahar atly okyjymyz bolsa, «Haçan ýetişýärkä? Prezident bolansoň kitaplaram ýazyp başlady» diýipdir. Özüne Walla diýip diýip at goýan okyjy bolsa, prezidentiň halkyň aýlyk-günlügi barada alada etmelidigini ýatladyp, «aýlygyny alyp bilmän kösenip ýören halkyň ýürek nalasyna prezidentimiziň kitaplary teselli berip bilmez" diýip ýazýar.

Damla Suw atly okyjymyz feýsbukda galdyran teswirinde bu ýagdaýy «masgaraçylyk» diýip atlandyrýar we resmileriň ol kitaby gorkudan ogşaýandyklaryny aýdýar.

Hakan Karali bolsa bu ýagdaýyň «diktatorlygy» görkezýändigini öňe sürýär. Myrat Ateş «bir ülkede diktatorlyk bolsa, hiç zat gowulanmaz» diýen pikirde.

Şol bir wagtda, okyjylarmyzyň arasynda, Şahlo Ruzmetowa ýaly, «adaty bir kitabyň beýle öpdürilmegine» geň galýanlar hem bar. Emma Aýna Tomaj «ýürege düşdüler, ýalandan bir zatlar ýazyp, halky oýun-oýunjak etdi» diýýär.

Myrat Ibragimow atly okyjymyz prezidentiň kitabynyň ýüze sylynyşyny görüp, «türkmen bolanyna utanandygyny» ýazýar.

Emma Ahmet Wallakow bu hili pikirdäki okyjylara garşy çykyp, watan, baýdak, öz ýurduňda jaýlanmak meselesini orta atyp, olary «şükür etmäge» çagyrýar. Gülendam Soltanowa hem «Aferim türkmenim, kitabyňyz haýyrly-ugurly bolsun» diýýär.

Prezident Berdimuhamedowyň çaý hakyndaky kitaby barada Azatlygyň feýsbukdaky sahypasynda pikirini galdyran Muhammet «bu kitabyň Türkmenistanda krizis bolsa, diňe çaý içmeli diýjek bolýandygyny» öňe sürýär.

«Her aýda bir kitap ýazýar, Ginnesiň rekordlar kitabyna girer halkynyň aladasyny etmän, kitap ýazýan prezident diýlip» diýmek bilen, Muhammet «halk işsiz kösenýär» diýip, sözüni käýinç bilen soňlapdyr.

Elbetde, okyjylarmyzyň Azatlygyň websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarymyzda aýdýan pikirleri Azatlyk radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG