Sepleriň elýeterliligi

Orsýet täze ombudsmeni belledi


Orsýetiň adam hukuklary boýunça täze wekili Tatýana Moskalkowa, Moskwa, 22-nji aprel, 2016

Orsýetiň adam hukuklary boýunça täze wekili Tatýana Moskalkowa, Moskwa, 22-nji aprel, 2016

Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi Döwlet Dumasy pensiýadaky polisiýa ofiseri Tatýana Moskalkowany ýurduň prezidentiniň adam hukuklary boýunça ombudsmeni wezipesinde tassyklady.

Döwlet Dumasynda 22-nji aprelde geçirilen gizlin ses berişligiň netijesinde 323 kanun çykaryjy Moskalkowanyň kandidaturasyny goldady. Garşy 11 ses berildi we bir adam saklandy.

Ombudsmen wezipesine ýene bäş adam dalaş edipdi.

Polisiýanyň generaly we Kremle tarapdar “Adalatly Orsýet” partiýasyndan kanun çykaryjy Moskalkowa ses berişligiň yzýany wezipesine kasam etdi.

Moskalkowa Orsýetiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili wezipesinde Ella Pamfilowany çalyşdy. Pamfilowa şu aýyň başynda Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasyna ýolbaşçy belledi.

Orsýetiň parlamentiniň düzümine girmeýän oppozision “Ýabloko” partiýasy 30-njy martda eden beýannamasynda kanun çykaryjylary Moskalkowanyň kandidaturasyny ret etmäge çagyryp, muny “akyl-paýhasyň üstünden gülmek” diýip atlandyrypdy.

XS
SM
MD
LG