Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB Makedoniýa garşy sanksiýa seredýär


Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanowyň amnistiýa geçirmegine garşy protest, 21-nji aprel, 2016.

Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanowyň amnistiýa geçirmegine garşy protest, 21-nji aprel, 2016.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Makedoniýanyň liderleriniň häkimiýet başyndaky toparlaryň korrupsiýa baş goşmagyny derňemek barada geçen ýylky ylalaşygy berjaý etmän, tersine amnistiýany geçirmegi bilen baglylykda sanksiýalary girizmek meselesine seredýär, diýlip 21-nji aprelde media maglumatlarynda aýdyldy.

ÝB-niň araçylygynda geçen ýylyň iýun aýynda gelnen ylalaşykda Makedoniýadan saýlawlary galplaşdyrmak we adam öldürmek bilen bagly diýlip güman edilýän ýagdaýlary derňemek üçin ýörite prokuror bellemek soralýar. Bu talaplar oppozisiýanyň hökümet tarapyndan bikanun ýazga alnandygy aýdyp, ýaýradan ses ýazgylaryna esaslanylýar.

Emma Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow telefon gepleşikleriniň bikanun diňlenmegine baş goşmakda aýyplanan 56 resmini geçen hepdede amnistiýa edip, derňewiň ähmiýetini gaçyrdy. Bu ýagdaý onuň wezipesinden çekilmegini talap edýän protestleriň tutaşmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG