Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagyň depesindäki derýalar


Dagyň depesinden aşak gaýdýan çeşme.
Dagyň depesinden aşak gaýdýan çeşme.

Dünýä daralyp barýar. Biz mekdep okuwçysy bolan ýyllarymyzda, Awstriýanyň çägindäki Alp daglary çäksiz uzakda bolup görünýärdi.

Sowetler zamanynyň mekdep okuwçylaryna beýik rus serkerdesi A.W. Suworow Alp daglaryndan agyr goşun bilen geçdi diýip öwredýärdiler.

Indi o daglara barmak üçin, arassa ýürek bilen açyk höwes gerek.

Daglara bar

Alp daglaryna men iň gözel wagtynda bardym diýip hasap edýän. Aslynda onuň gözel däl wagtynyň ýokdugyny aýdýarlar. Gyşda, bu daglar ak gara bürenende, onuň myhmanynyň aşa köp boljagy belli. Myhman häzirem az däl. Ýöne Garagumda kemala gelen adam üçin, tomus ýakymly duýulýar.

Şaglawuk
Şaglawuk

O döwürde howa ýazdan maýylrak, tomusdan hem salkyn bolýar. Tebigat bolsa şeýle bir bezemen, megerem, daglar şol pursatda toý lybasyny geýinýändir.

Bezemen daglar

Dag jülgelerini müň dürli otlar bezeýär. Otlaryň arasynda al-elwan güller açylypdyr. Älemde bir reňk bolsa, şol gülleriň ýüzünde bar ýaly görünýär. Ony görmek üçin, göz ýeterlik däl, duýmagyň gerek.

Güller daglaryň bilinde-de, gyrymsy agaçlaryň aralarynda-da bar. Dürli-dümen güllerden ýokaryny belent başly agaçlar örtýär. Olaryň köpüsi ýel. Bu berdaşly daragt daglaryň döşüni örtüp, mydama ýaşyl öwüsýär.

Daglaryň üstünde gar bar. Belent gaýalar kümüş jyga geýen ýaly. Asman olaryň üstüne serlen gök ýaglyk bolup görünýär. Şol gök ýaglyk çalşanda, dagyň depesi görünmeýär, töweregi bulut örtýär. Bulatlar syrylanda seretseň, dagyň depesindäki gök ýaglygyň gülleri özgerendir ýa onuň üstünde täzeje gar bardyr.

Daglar günde-günaşa buluda bürenip, öz görnüşini tämizläp dur.

Çeşmeler

Alp daglarynda çeşme bilen ululy-kiçili derýalar köp. Olar dag dünýäsine janlylyk hem şowhun-şagalaň berýär. Çeşme suwy her öwrümde, her ädimde aýagyň aşagyndan akyp dur.

Dur-da, olaryň sesini diňle. Şaggyldy güýçli bolsa, sen gözbaşdan gaty pesdesiň. Ýöräber ýokarlygyna.

Kiçi köpri
Kiçi köpri

Çeşmeleriň sesi ýuwaş eşidilse, suw göze görünmän aksa, sen belentde duransyň.

Bu ýerde otur. Töwerek-daşyňa seret. Ýaradan äleme näçe görnüş beripdir. Daglaryň bölek-bölek, geriş-geriş bolup oturyşyna Ýaradanyň özi-de guwanan bolsa gerek.

Ýokardaky derýalar

Çuň jülgelerde çeşmeler akýar, dagyň depesinde bolsa derýa bar. Olar adam baryp bolmajak belentlikden aşaklygyna inýärler.

Alp daglarynyň kim ak garyna guwanýar, kim onuň kert gaýalaryna höwes edýär. Dagdyr jülge arasynda öwüsýän ýele guwanyp, şol ýeliň badyna uçup ýören adamlaram bar. Meni haýran galdyrany dagdan inýän äpet şaglawuklar boldy. Tomsuň ortasy, gaty beýik dag bolaýmasa, pesden seredip, ak gary görmek mümkin däl. Ýöne şol daglardan inýän suwdan welin nazaryňy sowmak mümkin däl.

Dagyň üstündäki derýalar hiç wagt akymyny azaltmaýar.

Bir jülgede bolanymyzda, töwerek-daşymda dört şaglawugy görüp bildim.

Suw bizde – Garagum çölünde ýeriň astynda, özem gaty peslikden akýar. Oňa guýy gazyp ýetmeli. Alp daglarynda suw ýokarda, dagyň depesinden inýär.

Belki-de, derýa şeýle bolmalydyr. Derýa dagdan döremese, ol ençeme ýurtlar aşyp, deňze ýetip bilmezdi.

Ynsan hem tebigat

Eger men bu toprakda jaýlaryň güller bilen bezelişini görmedik bolsam, gözellik öz-özünden dörändir diýip, baryny tebigatyň peşgeşi saýardym.

Adamlar bu gözel daglaryň arasyndan ýol salypdyrlar. Dag derýasynyň üstünden gurlan köpririň üstüni örtüpdirler. Sen köprüden däl, uzyn ammaryň ýa-da saraýyň içinden geçip barýan ýaly.

Alp daglary
Alp daglary

Üsti örtülen köprini synlanymda, onuň iki gyrasyndaky germewde goýlan gyzyl güllere gözüň düşýär.

Güldandaky gülleri çygly ümür ýuwup dur. Şol meni tebigatdaky güllerden beter haýran etdi.

Bu ýerde, gül gytçylygy ýok toprakda, adam ýene gül ekipdir. Belki, köpri gurmak üçin, tebigatdan alan ýeriniň öwezine şol gülleri ekýändirler.

Bu toprakda ýaşaýan adamlar tebigatyň bar ýeriniň gül bolmagyny isleýän bolsa gerek. Tebigat, megerem, bularyň işik-içerisine däl, kalbyna ornaşypdyr.

Awstriýa. Bad Gastein hem Gargellen jülgeleri.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG