Sepleriň elýeterliligi

ÝB Makedoniýanyň liderlerine garşy sanksiýa seredýär


Makedoniýada polisiýa protestçilere güýç görkezýär. 21-nji aprel, 2016 ý.

Makedoniýada polisiýa protestçilere güýç görkezýär. 21-nji aprel, 2016 ý.

Makedoniýanyň häkimiýet başyndaky gatlagyň arasyndaky korrupsiýany derňemek hakda öten ýyl beren wadasynda durmagyň deregine olaryň günäsini geçendigi üçin, Ýewropa Bileleşigi ýurduň ýolbaşçylaryna garşy sanksiýa girizmek barada oýlanýar diýip, 21-nji aprelde habar serişdeleri bildirdi.

Ýewropa Bileleşiniň araçylyk etmegi bilen öten ýyl gelnen Pižno ylalaşygynda Makedoniýa saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylmagy, adamlaryň telefon gepleşikleriniň bikanun diňlenmegi ýaly güman edilýän jenaýatlary derňemek üçin bir ýörite prokurory bellemäge çagyrylypdy. Makedoniýanyň esasy oppozision partiýasy 20 müňden köpräk adamynyň telefon gepleşiklerini öz içine alýan bir audioýazgyny ýaýratdy. Ol muny hökümetiň bikanun ýazyp alandygyny aýdýar.

Ýöne öten hepde Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow telefon diňlemäge gatnaşan 56 döwlet işgäriniň günäsini geçmek bilen bu derňewi iş ýüzünde puja çykardy. Bu hem adamlaryň onuň wezipeden çekilmegini talap edip, köpçülikleýin protest geçirmegine sebäp boldy. Protestler häzirem dowam edýär.

Araçylyk maslahaty

Prezidentiň günägeçiş karary häkimiýet başyndaky "WMRO" partiýasynyň ýolbaşçylaryny, şol sanda öten ýylky geleşigiň çäginde ýanwar aýynda wezipeden wagtlaýyn çekilen premýer-ministr Nikola Gruewskini, şeýle hem partiýanyň uly derejeli şahsyýetlerini-de öz içine alýar.

"Financial Times" we "Wall Street Journal" gazetleriniň, şeýle-de "Reuters" habar gullugynyň 21-nji aprelde bildirmegine görä, Ýewropa Bileleşigini öňegidişligi bökdeýär diýip güman edilýän syýasatçylaryň Bileleşigiň ýurtlaryna sapar etmeginiň öňüni almak, we olaryň baýlyklaryny doňdurmak barada oýlanmaga iteren - agzalýan günägeçiş bilen ýene beýleki käbir haýal-ýagallyklardyr.

Ýewropa Bileleşigi özüniň 22-nji aprele planlaşdyrylan araçylyk maslahatyny Makedoniýanyň esasy oppozision toparynyň oňa gatnaşmagy ret edendigi sebäpli ýatyrdy. Oppozisiýa günägeçiş karary ýatyrylmasa, özüniň gepleşiklere gatnaşmajakdygyny aýdýar.

NATO-Balkan sammiti

"Häzirki hökümetiň dar düşünjeliligi bizi aşa aladalandyrýar. Ýewropa Bileleşigi krizisiň çözgüdini bökdeýän syýasatçylaryň garşysyna sanksiýa girizmäge taýýar. Makedoniýa halkara derejesinde üzňelige tarap barýar" diýip, Ýewropa Bileleşiginiň bir resmisi "Reuters" habar gullugyna aýtdy.

Skopýede ýagdaý gowulanmasa, Brýusseliň Makedoniýanyň liderlerini iýula planlaşdyrylan NATO-Balkan sammitine çagyrmazlygy hem mümkin.

Makedoniýanyň häkimiýet başyndaky "WMRO" partiýasynyň ýolbaşçy agzalarynyň Ýewropa Bileleşigine saparyna girizilmegi mümkin gadagançylyk ozal bolan zat däl. Bular ýaly çäräni Bileleşige agza 28 döwlet biragyzdan oňlamaly.

Başga çäreler

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Iwanowyň günägeçiş yglan etmeginiň özlerini aňk-taňk edendigini aýdýarlar. Olar muňa kanunyň agalygyna edilen göni hüjüm diýip düşünýärler.

Araçylyk maslahatynyň ýatyrylandygy 21-nji aprelde jemgyýetçilige bildirileninde Ýewropa Bileleşiginiň Giňeme baradaky komissary Ýohannes Hahn bilen Ýewropa parlamentiniň üç agzasy bileleşigiň başga çäreleri hem girizmegi mümkin diýip duýduryş berdiler.

Olar: "Biz Prižno geleşiginiň bozulmagynyň ýurt üçin çynlakaý netijeleriniň boljakdygyny hemişe aýdyp geldik" diýdiler.

Aýratyn ähmiýete eýe zat 5-nji iýuna planlaşdyrylan saýlawlaryň adalatly geçmegini üpjün etmek. Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Makedoniýa özüniň köp wagt bäri jedel döredip gelýän saýlawçylar sanawyny arassalamaly diýýärler.

XS
SM
MD
LG