Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Milli bölünişik - Syýasat (1-nji bölüm)


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Prezident toplumyndaky duşuşykda söz sözleýär, Anakara, 20-nji ýanwar, 2016
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Prezident toplumyndaky duşuşykda söz sözleýär, Anakara, 20-nji ýanwar, 2016

Häzirki günde Türkiýede jemgyýeti kähalatlarda bütinleý gapma-garşylykly frontlara bölýän ulgamlar bir ýa iki däl, azyndan üç: syýasat, din, has möhümi hem, terror diýip teswirlenilýän etniki degişlilik. Bularyň hemmesi-de biri-birine baglanyşykly.

Birinji çuň bölünişik syýasat barada.

Izmiriň ýüzlerçe döwlet işgärleriniň hem ýaşaýan ýeri bolan orta gatlaga degişli mähellesinde biziň öýümizden sanlyja ädim aralykda iki sany bakgal dükany bar. Bu iki dükanyň arasyndaky bölünişik syýasy araçäge daýanýar.

Dükançylaryň biri berk dünýewi pikirli atatürkçi pensioner. Ol pursat tapsa, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetini tankytlamakdan ýadanok. Dükanynda prezidentiň portretini asyp goýan beýleki dükançynyň bolsa gep urşundan we özüni alyp barşyndan onuň takwa musulmandygyny çaklap bolýar.

Birinji dükançy baranyňda saňa türk däbinde "günaýdyn" diýip salam berse, ikinji yslam däbine eýerip, " Selamun-Aleýkum" diýýär.

Ikinji dükançy alkogolly içgileri, hatda piwe-de satanok, özi-de däp boýunça tutuşlygyna dünýewi pikirli şäherde. Birinji dükançy ozal alkogolly içgileriň ähli görnüşini, aýratyn-da türkleriň gowy görýän rakisini satardy. Ýöne Erdoganyň yslama daýanýan hökümetiniň göni ýa gytaklaýyn edýän basyşynyň artmagy netijesinde biziň dünýewi pikirli bakgalymyz "islenmeýän" içgileriň tekjesiniň üstüni büredi. Alkogolly içgileri satmagy gadagan edýän kanun (entek) ýok, dünýewi pikirli bakgal hem ony satmagy goýanok. Ýöne dükançy ygrarly hökümet işgärleriniň protestlerine uçramagy-da islänok.

Syýasy garaýşyňa we haýsy partiýa ýa haýsy şahsyýete ýykgyn edýänligiňe baglylykda parlamentçileriň, telewideniýe moderatorlarynyň, asylnda telekanallaryň, gazetleriň we beýleki tarapyň goldawçysy hasaplanýan goňşularyň we kärdeşleriň-de bir sözüne-de ynam edeňok.

Iň güýçli syýasy bölinişik özlerini laisizmiň we 1923-nji ýylda Atatürk tarapyndan girizilen demokratik respublikanyň hakyky tarapdarlary hasaplaýan dünýewi pikirliler bilen beýleki tarapyň, ýagny özleriniň yslama we däp-dessura ygrarly hem baglydyklaryny aýdýanlaryň arasynda göze ilýär.

Ikinji topar durmuşyň ähli aspektlerinde, isle aýallaryň yslam egin-eşigini geýmegi bolsun ýa erkekleriň iş sagatlarynda namaz okamaga metjitlere gitmegi bolsun, gaty konserwatiw, ilkinji nobatda hem dindar.

Dünýewiler Günbatar ölçegleriniň belli bir çäginde has "demokratik pikirli". Ejeleri ýa iň azyndan eneleri däp boýunça başyna bürenjek (Erdoganyň döwründe moda öwrülen "syýasy" hijap däl) atyp gezen hem bolsa, olar başy bürenjekli gezmekleri üçin aýallara basyş edenoklar, tersine, olara bu işi etmezligi ündeýärler.

Dünýewi garaýyşlylar köplenç namaz okamasalar-da, oraza aýlarynda agyz bekleýärler. Piwe ýa raki, soňky wagtlarda şerap içmek hem olara bir adaty zat. Maşgala gatnaşyklary has liberal, ýöne ýene-de däp-dessura esaslanýar. Olar Atatürk, türk goşuny we taryhy tankytlansa, gaty ynjyk reaksiýa görkezýärler. Adat boýunça, Osmanly soltanlaryny, aýratyn-da, respublika gurulmazynyň öňýanyndaky soňky soltanlary gowy görenoklar, olaryň köpüsiniň 20-nji asyryň başlarynda Günbataryň kolonial güýçleriniň elinde oýnatgy bolandyklaryna ynanýarlar.

Ýöne geň tarapy, olaryň demokratik düşünjesiniň köplenç günbatara garşy, umuman hem dürli, kähalatlarda bolsa düşnüksiz dildüwşük teoriýalaryna ýugrulandygy. Bu teoriýalary subut edip bolmaýşy ýaly, kämahallarda inkär hem edip bolanok. Türk jemgyýetiniň başyna näme ýamanlyk gelen bolsa, Günbatardan we Ysraýyl bilen ermenilerden gelipdir. Tutuş dünýä türklere garşy gizlin dildüwşük gurnaýar. Günbatar indi hem Yragy, Siriýany edişi ýaly, Türkiýäni-de böljek bolup, Yrakdaky, Siriýadaky we Türkiýäniň öz çindäki kürt toparlaryna kömek edýär. Bularyň syýasy wekilleri köplenç esasy oppozision "Jumhuriýet halk partiýasy" (CHP), şeýle hem esasy milletçi partiýa "Milliýetçi hereket partiýasy" (MHP).

Köp babatlarda bu syýasy konseptleriň köpüsine kürtleriň tarapyny çalýan Halklaryň demokratik partiýasy-da (HDP) goşulýar. Dünýewi pikirli diýilse-de, olaryň has dindar bolmagy ähtimal, aýallar babatda aýratyn-da şäherlerdäkiler we solçy töwerekler libaral. Ýöne her zatdan öň olaryň üns merkezinde durýan etnik degişlilik.

Dildüwşük teoriýalarynyň aglabasyna dünýewi pikirliler, kürt toparlary we syýasy taýdan häkimiýet başyndaky "Adalat we galkynyş" partiýasyna eýerýän konserwatiw dindar topar-da goşulýar. Olar aslynda yslam pikirli we MHP-niňki ýaly jynsparazlyk bilen serhetleşmese-de milletçilik olarda-da ýok däl.

Bu bizi türk milletini bölýän ikinji faktor bolan dine getirýär. Ondan soň bolsa jemgyýeti bölüp geçýän esasy araçäge, ýagny kürt meselesi bilen etnik problema geleris.

XS
SM
MD
LG