Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Tanymal sikh şahsyýeti öldürildi


Pakistan, "Talyban" agzalary

Pakistan, "Talyban" agzalary

Pakistanyň «Talyban» jeňçileri 22-nji aprelde tanymal sikh şahsyýetini we oppozisiýa partiýasynyň işgärini atyp öldürdiler.

Soran Singh Pakistanyň sikh azlygynyň öňdebaryjy wekilidi we Imran Hanyň Pakistanyň Ynsap hereketi partiýasynda welaýatyň baş ministriniň kömekçisi bolup işleýärdi.

Ol Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky dogduk obasynda, Bunerde ýaragly adamlaryň hüjüminiň pidasy boldy. Pakistan «Talybanynyň» sözçüsi Mohammad Hurasani bu işi «Talybanyň» edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG