Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýran bilen biznesiň ýoluny ýapmaýar


Jon Kerri Nýu-Ýorkda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Jon Kerri Nýu-Ýorkda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri daşary ýurt baklaryny we bizneslerini Birleşen Ştatlaryň, geçen ýylyň taryhy ýadro ylalaşygyndan soň, olaryň Eýran bilen biznes etmeginiň ýoluny baglamajagyna ynandyrdy.

"ABŞ, ýadro ylalyşygy ýanwarda güýje gireli bäri, Eýran bilen edilmegine rugsat berlen biznesiň ýolunda durmaýar we ýolunda durmaz» diýip, Jon Kerri 22-nji aprelde, Nýu-Ýorkda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşmazynyň öňünden aýtdy.

Eýran hökümeti dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylyň iýulynda baglaşan ylalaşygynyň doly ykdysady bähbitlerine eýe bolup bilmeýändigini aýdýardy.

«Indi ol ýerde daşary ýurt banklarynyň we biznesleriniň Eýran bilen işleşmek mümkinçilikleri bar» diýip, Kerri aýtdy.

XS
SM
MD
LG