Sepleriň elýeterliligi

Nawaz Şarif 'işden çekilerin' diýýär


Nawaz Şarif

Nawaz Şarif

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif oppozisiýanyň talaplaryna boýun boldy, ýagny ýurduň baş sudýasyndan garaşsyz komissiýa düzüp, özüniň we maşgalasynyň daşary ýurtlardaky bank hasaplary bilen ilteşigini derňemegini sorady.

Şarif 22-nji aprelde halk eden ýüzlenmesinde bu komissiýanyň gelen netijelerini kabul etjekdigini we çagyryş edilen halatynda iş başyndan çekiljekdigini aýtdy.

Garaşsyz komissiýa Şarifiň maşgalasynyň daşary ýurtlarda bar diýilýän, golaýda syzyp çykan dokumentlerden belli bolan emläkleri baradaky meseläni derňär.

Panamanyň kanunçylyk firmasy bolan «Mossak Fonseka we kompaniýanyň» syzdyran dokumentleriniň arasynda Şarifiň iki oglunyň we gyzy Marýamyň hem atlary geçýär.

"Eger-de meniň we maşgalamyň garşysyna aýdylýan zatlar subut edilse, men derhal işden çekilerini» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG