Sepleriň elýeterliligi

Eýran nebit öndürmegi azaltmagy goldaýar


Bijan Namdar Zanganeh

Bijan Namdar Zanganeh

Eýranyň nebit ministri Tähranyň, geçen hepde nebit öndüriji ýurtlaryň Katarda bolan duşuşygyna gatnaşmandygyna garamazdan, bazary durnuklylaşdyrmak babatda islendik tagallany goldajakdygyny aýtdy.

17-nji apreldäki gepleşiklerde nebitiň global bahasyny ýokarlandyrmak üçin nebit öndürijiligini azaltmak barada maslahat edilipdi we gepleşikler netijesiz soňlanypdy.

Saud Arabystany, dünýäniň iň uly nebit eksportçysy, nebit öndürmegi çäklendirmek baradaky ylalaşyga ähli nebit öndürijileriň boýun bolmagyny talap etdi.

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh Doha duşuşygy «miwe bermedik» hem bolsa, Eýran oňa «pozitiw ädim» hökmünde garady diýdi.

Emma Eýran, OPEK agzasy, nebit öndürijiligini Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalaryndan öňki derejesine ýetirjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG