Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowa sekiz bedew berildi


Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabarasy uludan tutulyp, ýurduň prezidentine "toý sowgady" hökmünde sekiz sany ahal-teke aty, milli lybaslar peşgeş berildi.

Halkara Ahal-teke atçylyk toplumynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ahal-teke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi diýip, türkmen mediasy şenbe güni habar berdi.

Türkmen telewideniýesiniň wideoşekillerinde prezidentiň alkyş sözleri, «Arkadaga şöhrat» diýen şygar astynda dabaraly garşylanyşy görkezilýär.

Bäsleşikde Türkmenistanyň prezidentiniň atçylyk toplumyna degişli Beghan atly at ýeňiji boldy.

2008-nji ýylda doglan Beghan Gyrsakaryň nesli bolup, Ýalta we Akjeren atly atlaryň taýçanagydyr.

Şeýle-de, Türkmenistanda her apreliň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bedew baýramçylygyna gabatlanyp, türkmen atlarynyň çeper keşbini sungat eserlerinde iň gowy wasp eden döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Eýýäm adat bolşy ýaly, Bedew baýramy mynasybetli türkmen prezidentine bahasy aýdylmaýan toý sowgatlary - saýlama atlar gowşuryldy.

Bu sowgatlaryň ýurduň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adyndan berlendigi aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow özüne sowgat berlen atlary – Ahal welaýatynyň - Nusaý, Balkan welaýatynyň - Dorbedew, Daşoguz welaýatynyň - Hanmele, Lebap welaýatynyň – Karar, mary welaýatynyň – Gyzyldon, Aşgabat şäheriniň – Akşäher, harby we hukuk goraýjy edaralaryň – Meledepel, ýurduň atşynaslarynyň adyndan bolsa – Miras atly bedewi «toý sowgady» hökmünde, minnetdarlyk bildirmek bilen, kabul edip aldy.

Bu atlaryň ählisiniň 2013-nji ýylda doglan, arassa ahal-teke ganly bedewlerdigi aýdylýar. Emma bu atlaryň bazar bahasy, ol atlary ösdürip ýetişdiren adamlar barada maglumat berilmeýär.

Munda öň türkmen prezidentine ahal-teke atlarynyň sowgat berlendigi habar berlipdi.

Umuman, prezidentiň athanasyndaky atlaryň anyk sany, olaryň haýsy hasaplar esasynda, kimleriň zähmeti bilen saklanylýandygy barada hem türkmen metbugatynda maglumat berilmeýär.

Prezident Berdimuhamedow özüne sowgat berlen atlary kabul edeninden soň, egindeşleriniň adyndan berlen toý lybaslaryny geýip, Miras atly atyna atlanyp, çapuw meýdançasyna çykdy.

Türkmen telewideniýesiniň wideoşekillerinde milli lybasly prezidentiň eginine ýene bir gezek ak kepderiniň gelip gonuşy görkezildi. Resmi habarda bellenilmegine görä, bu görnüş türkmen lideriniň alyp barýan "beýik işleriniň" ykrar edilmeginiň bir alamaty bolup durýar.

Köpetdagyň eteginde guralan baýramçylyk dabaralary aýdym-saza ulaşdy, aýdylýan aýdymlarda «Öňe, öňe, diňe öňe, siziňkidir ýol, Arkadag» diýip, prezidentiň adyna atçylyk baradaky aladalary üçin alkyş sözleri aýdyldy.

Emma tanymal atşynas Geldi Kärizow, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýaly türkmen atçylyk pudagynyň ýagdaýyny gowy bilýän ýerli synçylar türkmen atçylygynda, hususan-da türkmen atlarynyň arassa ganlylygyny saklamakda uly problemalaryň bardygyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG