Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe migrant ylalaşygyny öwýär


Premýer-ministr Dawutoglu german kansleri Merkel bilen Nizi bosgun lagerinde, 23-nji aprel, 2016.

Premýer-ministr Dawutoglu german kansleri Merkel bilen Nizi bosgun lagerinde, 23-nji aprel, 2016.

Türkiýäniň premýer-ministri Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda baglaşylan migrasiýa ylalaşygyndan soň Gresiýa bikanun barýan migrantlaryň sanynyň düýpli azalandygyny aýtdy.

Ahmet Dawutoglu 23-nji aprelde german kansleri Angela Merkel we ýokary derejeli ÝB resmileri bilen bilelikde gurnalan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.

Olar Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyna Ankara bilen baglaşylan aladaly ylalaşygy ilerletmek maksady bilen geldiler.

Bu topar bosgun lagerine aýlanyp gördi we ÝB-niň maliýeleşdirilmeginde gurlan çaga goldawy merkeziniň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk ÝB şu tomusda Türkiýedäki siriýaly bosgunlaryň ýagdaýyny gowulaşdyrmak babatdaky proektler üçin 1 milliard ýewronyň harçlanjakdygyny aýtdy.

Dawutoglu bolsa bileleşigiň eýýäm 187 million ýewrolyk proektlere başlandygyny aýtdy.

Adam hukuklary toparlary bu sapary tankytlap, ÝB resmilerini indi on müňlerçe siriýaly bosgunyň Türkiýä salynmazlygy meselesine hem seretmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG