Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň gyzy $550 milliony yzyna bermeli


Gulnara Karimowa
Gulnara Karimowa

Birleşen Ştatlaryň prokurorlary Özbegistanyň prezidentiniň gyzynyň we onuň birnäçe ýaranynyň suduň kararyna boýun bolup, 500 million dollardan gowrak serişdäni yzyna bermegi başarmandygyny aýdýar.

Aýdylmagyna görä, şweýsar bankynda saklanýan pullar uzak wagt bäri dowam edýän pul ýuwmak derňewiniň çäginde yzyna gaýtarylmaly.

Bu talap 21-nji aprelde, Birleşen Ştatlaryň Manhattandaky federal sudunda edildi we Gülnara Kerimowanyň ady Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ile aýan edilen dokumentlerinde ilkinji gezek agzaldy.

Ady agzalan beýleki biznesmenleriň arasynda Gayane Avakyan we Rustam Madumarov, ýagny onuň söýgülisi hökmünde tanadylan şahs hem bar.

Bu dokument Kerimowa hekaýatynyň soňky bölümi bolup, ol bir zaman moda dizaýneri, pop aýdymçysy, ilçi hem bolupdy. Şeýle-de ol ozal öz gartaşan kakasynyň ornuny tutjak syýasatçy bolar öýdülipdi.

XS
SM
MD
LG