Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azerbaýjan we ermeni güýçleri ok atyşdy


Dagly-Garabag

Dagly-Garabag

Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleri dawaly Dagly-Garabag sebitinde minomýotdan we mergen tüpeňlerinden bir-birege has kän ot açdylar.

23-nji fewral güni irden, kontrol liniýasynyň iki gapdalynda bolan atyşyklardan soň hiç tarap ýaraly bolanlar barada maglumat bermedi.

Dagly-Garabagda üzlem-saplam atyşyklar yzygiderli bolýar, emma şu aýyň başynda iki ýurt iki onýyllykdan gowurak arakesmeden soň hakyky urşa gaty ýakyn geldi.

Bu dagly sebit Azerbaýjanda ýerleşýär, emma 1990-njy ýyllaryň başynda, etnigara çaknyşyklar doly urşa ýazanyndan soň, ermeni güýçleriniň eline geçdi.

30 müň çemesi adamyň ölümine, ýüz müňlerçe adamyň ýaşaýan ýerinden göçmegine sebäp bolan uruş 1994-nji ýyldaky ýaraşyk esasynda togtadyldy.

Bu dawa, möhüm söwda we energiýa geçirijileriniň ýoluny baglap, tutuş Kawkaz sebitinde ykdysady bökdençlik döretdi.

XS
SM
MD
LG