Sepleriň elýeterliligi

Obama YD-a garşy has kän basyşa çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Londonda, Lindliý zalynda çykyş etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Londonda, Lindliý zalynda çykyş etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Londona saparyny Günbatary Ýakyn Gündogardaky «Yslam döwleti» ekstremist toparyna dowamly basyş etmäge çagyryş bilen jemledi.

Prezident Obama 24-nji aprelde çykyş edip, YD-nyň eýeleýän territoriýasynyň kem-kemden daralyp, onuň Yragyň Mosul, Siriýanyň Rakka şäherlerindäki mesgenini terk etmeli boljagyna ynanýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerini bombalaýan halkara koalisiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Obama Birleşen Ştatlar, Britaniýa ýa-da beýleki günbatar döwletleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmak üçin gury ýer goşunlaryny ulansa, munuň ýalňyşlyk boljakdygyny aýtdy. Ol muňa derek, Siriýadaky syýasy geçişe kömek etmek üçin beýleki taraplara, şol sanda Eýrana we Orsýete halkara basyşlarynyň ulanylmalydygyny nygtady.

Şeýle-de Obama Britaniýanyň iýunda geçiriljek referendumy barada söz açyp, eger Angliýa Ýewropa Bileleşigini terk etse, Londonyň Waşingtonyň bu birleşik bilen gepleşýän söwda ylalaşygyndan daşarda galjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG