Sepleriň elýeterliligi

Bagdat hüjüminde 12 öldürildi


Bomba ýarylan ýerde oturan yrakly

Bomba ýarylan ýerde oturan yrakly

Bagdatda, howpsuzlyk işgärlerini nyşana alan ulag bombalarynyň partlamasynda azyndan 12 adam öldi.

23-nji aprelde partladylan iki ulagyň arkasynda hem, YD-ny goldaýan Amag habar gullugynyň maglumatyna görä, «Yslam döwleti» jeňçi topary dur.

Demirgazykdaky al-Heseýiniýa etrabynda howpsuzlyk barlag nokadynda ýarylan ulag bombasy 9 adamy öldürip, 28 adamy ýaralady.

Arap al-Jabourda, Bagdadyň günorta çetindäki hurma agaçlarynyň plantasiýasynda goşun konwoýyny nyşana alan ikinji partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady.

Ol ýerde 3 adam öldürildi, 11 adam bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG