Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada Obama saparyna protest bildirilýär


Hanower şäherinde müňlerçe adam ýörişe çykdy.
Hanower şäherinde müňlerçe adam ýörişe çykdy.

Germaniýanyň Hanower şäherinde amerikan prezidenti Barak Obamanyň saparynyň öňünden, teklip edilýän transatlantik söwda ylalaşygyna garşy müňlerçe adam ýörişe çykdy.

Obama demirgazykdaky şähere senagat tehnologiýasy ýarmarkasyna gatnaşmak, şeýle-de german kansleri Angela Merkel we beýleki ýewropa liderleri bilen Transatlantik söwda we inwestisiýa partnýorlygy barada gepleşmek üçin gelýär.

Bu şertnama Ýewropanyň käbir böleklerinde gazaply garşylyk döretdi. Garşydaşlar bu gepleşikleriň gizlin ýagdaýda geçirilýändigini aýdýarlar we şeýle ylalaşyk baglaşylsa, zähmet bazaryna we tebigat goragyna zyýan ýetirer öýdüp howatyrlanýarlar.

Profsoýuz guramalary Hanowerde 23-nji aprelde 16 müň adamyň proteste çykandygyny aýtdylar. Oktýabrda şu mesele boýunça Berlinde guralan proteste 200 müňden gowrak adam çykypdy.

XS
SM
MD
LG