Sepleriň elýeterliligi

Üç ýatlama


Çary Nurymow we şahyr Ata Atajanow.

Çary Nurymow we şahyr Ata Atajanow.

Üstümizdäki ýylda görnükli kompozitor Çary Nurymowyň doglan gününe 75 ýyl bolýar (1941-1993). Ol ynsan bilen baglanyşykly ýatlamalar.

1-nji ýatlama

70-nji ýyllaryň başynda Çary Nurymow Gyrgyzystan Kompozitorlar birleşiginiň haýyşy bilen gyrgyz halkynyň gahryman ogly, Çolponbaý Tüleberdiýewe bagyşlap, “Bakylyk” (gyrgyzça ,,Ölmezlik”) baletini ýazmaga girişdi.

Bu iş bilen baglanyşykly birnäçe wagt Gyrgyzystanda ýaşamaly boldy.

Ç. Nurymowyň 70 ýaşy dolanda, belli saz öwreniji, Gyrgyzystanyň halk artisti Balbaý Alaguşew şol günleri ýatlap şeýle diýdi.

– Mehrum Çary Nurymow ýigidiň gülüdi. Takdyr diýleni daş bagyr bolar ekeni, ajal ony biziň elimizden gaty ir aldy.

Men Çary diýlende, türkmen sazlaryny göz öňüne getirýärin, gyrgyz sazy barada söz açylanda-da, gep-gürrüňsiz Çaryny ýatlaýan. Ol adamda sungatyndan başary-da, taýsyz adamkärçilik bardy, ulyny hormatlaýan, kiçini sylaýan adamdy. Çary Nurymow gyrgyz topragyny söýdi. Gyrgyzyň diline hem däp-dessuryna uly hormat goýdy. Ol talantynyň dolup-daşyp, gülläp duran uçurlarynda Gyrgyzystana gelip, birnäçe aýdym hem balet ýazdy.

Çary Nurymow.

Çary Nurymow.

“Ölmezlik” diýen baleti döretdi. Ol balet gyrgyzyň baky gahrymany Çolponbaý Tüleberdiýewe bagyşlanýar. Ol geçen 2-nji Jahan urşunda özleriniňkä ýol açmak üçin, kükregi bilen duşmanyň pulemýotynyň öňüni ýapan gahryman. Ol bu gahrymançylygy meşhur Aleksandr Matrosowdan öň başarypdy.

Çary Nurymowyň “Ölmezlik” baleti barada aýdylanda, ol original eser döretdi. Halk ony alkyşlap garşy aldy. Şonuň üçin ol eser bu günki güne çenli-de öz möhümligini ýitirmän gelýär. “Ölmezlik” baleti köp ýyllap sahnadan düşmedi.

Mundan başga-da, Çary Nurymow biziň kompozitorlarymyzyň ýazan sazlaryna öz belliklerini aýtdy, maslahatlar berdi. Ol Merkezi Aziýanyň kompozitorlarynyň arasynda iň talantly, bilimli hem medeniýetli kompozitordy.

2-nji ýatlama

80-nji ýyllaryň aýagynda, moskwaly ýazyjy, çagalar edebiýatyndan bilermen Wladimir Pawlowiç Aleksandrow şeýle gürrüň berdi.

– Litwada dynç alýardym hem işleýärdim. Bir gün ir ertirden keýpim gaçyp, işim ýöremedi. Elime kitap aldym, ony okasym gelmedi. Onsoň radiony açmaly boldum. Edil şol wagtam: “Kompozitor Çary Nurymowyň kirişli saz gurallary üçin Ikinji kwartetini eşitdirýäs. Bu eser Indira Gandiniň ýadygärligine bagyşlanýar” diýen bildiriş boldy. Öz ýanymdan: “Göreli, nähili kwartetkä? Bu ýerde simfoniýa ýaly, köp goh-galmagala-ha orun bolmaz. Gaty takyk çalmaly bolarsyňyz” diýip içimi hümletdim.

Saz ugrugyp başlandan, meni haýran galdyrdy. Ony çalýanlar biziň sazandalarymyz, äheňi Ýewropanyň ösen medeniýeti bilen bagly, mazmuny bolsa Hundistanyňky. Nähili düşündirsemkäm?! Şu günki Hindistanyň dartgynly ýagdaýy. Sen ynanmarsyň, edil kebzämden garynja ýöreýän ýaly boldy. Ol şeýle bir oýlandyryjy saz, şeýle bir çuň, şeýle bir dartgynly, ünsüňi hiç ýere sowar ýaly däl. Beýle dartgynly sazy men soňky kompozitorlaryň hiç birinden eşitmändim. Tutuş sazy ýerimden butnaman oturşyma diňledim. Ol örän zehinli kompozitor bolmaly.

– Şonuň üçinem ol esere SSSR-iň Döwlet baýragy berildi – diýip, men Aleksandrowyň sözüniň üstüne goşdum.

Şol gürrüňden köp wagt geçmänkä, Aşgabatda Çary Nurymowa duşdum. Oňa Aleksandowyň aýdanlaryny aýdyp berdim.

Çarynyň ýüzi ýagtyldy. Soňra ol şatlanyp, şeýle bir hoş boldy, erinleri gulagyna ýetdi.

“Hoş söze şeýle talantly adamlaram mätäç bolarly” diýip oýlandym.

3-nji ýatlama

Çarynyň mertebesi barada, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, prozasy Täşli Gurbanow şeýle diýdi.

– Moskwada aspiranturada okadym. Indem Ýazyjylar birleşigine başlyk saýlandym. Garaz, mydama Moskwa barýan. Soňky 8-9 ýylda, türkmenleriň arasynda Moskwa menden köp gatnaýan diňe Çary Nurum bolsa gerek.

Şunça gezek Moskwa gatnap, diňe Çara geň galýan. Ony hiç wagtda çemodanly görmedim. Ne bir onuň agyr ýük göterip barýanyna, ne gawun äkidenine duşmadym. Onuň elinde ykjamja portfeli ýa bir kiçijik “diplomaty” bar. Haýran galaýmaly, Moskwa diňe şol eliboş gatnamagy başarýar. Biz bolsa Moskwa gawun çekip, iş düzetjek, Moskwadan zat getiribem öýümizi abatlajak bolýas. Ol muny etmedi. Oňa näçe gözüm gitse-de, hiç wagt Çary ýaly bolup, Moskwa eliboş gidip ýa o ýerden ýüksüz gaýdyp bilmedim.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG