Sepleriň elýeterliligi

Hazar deňziniň türkmen kenarynda rus gämisi ot aldy


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, 23-nji aprelde Hazar deňziniň türkmen kenarynda Orsýetiň “PALFLOT 2” kysymly tankerinde ýangynyň dörändigini tassyklady.

24-nji aprelde türkmen Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda “ýangynyň dörändigi barada habar berlen badyna, ýurduň degişli gulluklarynyň we organlarynyň betbagtçylyga uçran gämä ýardam bermek üçin zerur bolan ähli çäreleri görendigi” aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda “betbagtçylygyň bolan ýerine Türkmenistanyň iki kenarýaka gämisiniň dessine barandygy we tankeriň ýangynyny söndürmäge gatnaşandygy, zerur bolan halatynda tankerdäki ekipaž agzalaryny halas etmek operasiýalaryna goldaw bermek üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň dikuçarynyň ugradylandygy” nygtalýar.

“Wakanyň bolan güni Türkmenistanyň we Orsýetiň resmileri gepleşikleri geçirip, türkmen tarapy özüniň bu waka bilen baglanyşykly goşmaça kömegi bermäge taýýardygyny aýtdy” diýlip, maglumatda bellenilýär.

“RT” habar agentligi Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligine salgylanyp beren maglumatynda rus gämisindäki 11 ekipaž agzasynyň biriniň heläk bolandygyny, galan 10 sanysynyň ewakuasiýa edilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG