Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa: Saýlawda premýer-ministriň koalisiýasy ýeňiş gazandy


Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç. 24-nji aprel, 2016 ý.

Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç. 24-nji aprel, 2016 ý.

Serbiýada 24-nji aprelde geçirilen ählumumy saýlawlaryň resmi netijelerinde häkimiýetdäki Ýewropa tarapdar Soýuzlar partiýalarynyň ýeňiş gazanandygy tassyklandy.

Şol bir wagtda, ses berişligiň netijeleri Orsýete tarapdar milletçileriň hem 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gaýtadan parlamente girendigini görkezýär.

Serbiýada saýlaw býulletenleriniň 96%-niň sanalmagy netijesinde, ýurduň saýlaw komissiýasy premýer-ministr Aleksandr Wuçiçiň “Progressiw partiýasynyň” sesleriň 48%-ni alandygyny aýtdy.

Wuçiçiň Sosialist koalisiýa partnýorlary sesleriň 11%-ni aldy.

XS
SM
MD
LG