Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran: Fransuz-eýran raýaty tussag edildi


Nazak Afşar. 2009-njy ýyl.
Nazak Afşar. 2009-njy ýyl.

Eýranda agyr näsaglan ejesini görmek üçin Tährana baran fransuz-eýran raýaty alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Nazak Afşar 2009-njy ýylda Eýranda içalyçylyk aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, Tährany terk edipdi.

Eýranyň “Kaleme” atly oppozision websaýtynyň berýän maglumatyna görä, fransuz ilçihanasynyň öňki işgäri Afşar mart aýynda Tähranyň halkara aeroportuna gelen badyna tussag edilipdir.

Agzalýan websaýtyň berýan maglumatynda 58 ýaşyndaky Afşara resmi taýdan aýyplama bildirilenden soň, ol Tähranyň Ewin türmesinden pul girewi esasynda goýberilipdir.

Eýranyň sud ulgamy Afşaryň işi bilen baglanyşykly henize çenli kommentariý bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG