Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa: Saýlawlarda premýer-ministriň partiýasy ýeňiş gazandy


Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç.

Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç.

Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç öz orta-sag "Serbiýanyň progressiw" partiýasynyň möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda "taryhy ýeňiş" gazanandygyny yglan edip, ýurdy Ýewropa Bileleşigine goşulmaga tarap gönügen ugrundan çykarman saklamagy wada etdi.

"Serbiýa özüniň Ýewropa tarap alyp barýan ýoluny dowam etdirer, ony çaltlandyrmaga synanyşar. Bu ugurda kompromis bolmaz" diýip, Wuçiç 24-nji aprelde giçlik partiýanyň Belgraddaky baş edarasyna ýygnanan žurnalistlere aýtdy.

Garaşsyz gözegçilik agentligi "CeSID" Wuçiçiň partiýasy saýlawda sesleriň 49 prosentini alar diýýär.

Sola ýykgyn edýän "Serbiýanyň sosialistik" partiýasy bolsa sesleriň 12.9 prosentini eýeläp, ikinji orunda durýar. Geçen aý Gaagada harby jenaýatda suda çekilip, aklanan Woýislaw Seseljiň aşa milletçi "Radikal" partiýasy bolsa, CeSID-iň hasaplamagyna görä, alan 7.4 prosent sesi bilen parlamentde üçünji partiýa bolar.

"Biziň ýokarydygymyzy radikallar görkezerler"

CeSID-iň maglumatlary sanalan seslere daýanýar. Ilkinji resmi netijeleriň geljek hepde aýan edilmegine garaşylýar.

"Saýlawlaryň netijelerine begenemzok. Biz köpräk sese garaşypdyk" diýip, 24-nji aprelde Seselj aýtdy. Ol soňra hem: "Biziň ýokarydygymyzy radikallar görkezerler" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ses berişlik ilki haýal gidenem bolsa, soňra onuň bady artyp, saýlaw merkezleri ýapylmazyndan iki sagat öň 6.7 million ilatly ýurtda saýlawçylaryň 47.7 prosentiniň ses berendigi anyklandy.

Ses berişlige gatnaşanlaryň jemi sany 2012-nji ýyldaky saýlawlarda hasaba alnan 53 prosentden ýokary diýlip çaklanýar.

Reformalary durmuşa geçirmek

Wuçiç özüne "Serbiýanyň progressiw" partiýasyna 250 orunly parlamentde häzirki eýeleýän 131 ornundan has güýçli mandatyň gerekdigini aýdyp, saýlawlaryň planlaşdyrylan möhletinden iki ýyl öň geçirilmegine çagyrdy.

Ozal aşa milletçi bolup, "Beýik Serbiýa" ideýasyny goldap gelen Wuçiç indi özüni Ýewropanyň tarapyny çalýan reformaçy edip hödürleýär.

Wuçiç bilen onuň koalision ýaranlary, 2014-nji ýylda tama edişleri ýaly, parlamentiň orunlarynyň üçden iki bölegini alyp bilmediler we 158 orun gazandylar.

Wuçiç güýçlüräk mandatyň özüniň Serbiýany Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşdyrmak baradaky maksadyny amala aşyrmaga kömek boljakdygyny aýdýar. Ol şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara pul fondunyň talap edýän reformalaryny durmuşa geçirmek ýurduň ykdysadyýetini güýçlendirer diýýär.

Parlamentden orun almak düzgünleri

Ses berişlikden sanlyja gün öň geçirilen pikir soralyşyklar Wuçiçiň partiýasynyň sesleriň 50 prosentini aljakdygyny görkezdi. Serbiýanyň häzirki saýlaw sistemasy boýunça bir partiýa parlamentden orun aljak bolsa, oňa azyndan sesleriň 5 prosentini almak gerek.

Merhum Slobodan Miloşewiç tarapyndan düýbi tutulan we daşary işler ministri Iwiça Daçiçiň ýolbaşçylygyndaky sosialistler 24-nji apreldäki saýlawlarda 11.3 prosent alar diýlip çaklanypdy.

Bu saýlawlardan ozal parlamentde 25 orna eýe bolan sosialistik partiýa ýurdiň ikinji uly partiýasydyr.

XS
SM
MD
LG