Sepleriň elýeterliligi

Obama: Putin ÝB-ni gowşadýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Hanower, 25-nji aprel, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Hanower, 25-nji aprel, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ýewropa Bileleşigine howp hökmünde seredip, ony gowşatmaga çalyşýandygyny aýtdy.
Obama “CBS News” agentligine beren interwýusynda Ýewropanyň migrant krizisini mysal getirdi.

“Ýewropanyň syýasatynda aşa milletçilik ýaly dartgynlylyk döreýär, bu Ýewropanyň bütewüliginiň dargamagyna ýol açýar – käbir halatlarda bu ýagdaý jenap Putin ýaly käbirler tarapyndan ulanylýar”.

Obama Orsýetiň lideriniň NATO we Ýewropa Bileleşigine howp hökmünde seretmegi bilen ýalňyşýandygynyň hem belledi.

“Meniň pikirimçe bu ýalňyşlyk”, diýip Obama “men muny onuň özüne aýtdym, hakykatda, güýçli bütewi Ýewropanyň güýçli we töwerek-daşy üçin açyk Orsýet bilen işleşýändigini we munuň dogry hereketdigini aýtdym”.

Obama bu çykyşyny Ýewropa saparynyň soňunda etdi. Obama Ýewropanyň migrant krizis we yslamçy terrorizm bilen bagly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup,“kesgitleýji pursady” başdan geçirýändigini we jebislik görkezmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG