Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag: Iki esger wepat boldy


Ermeni esgerleri, günorta-gündogar Garabag, 8-nji aprel, 2016.

Ermeni esgerleri, günorta-gündogar Garabag, 8-nji aprel, 2016.

Ermenistan tarapyndan goldanýan Daglyk-Garabagyň separatist güýçleri iki separatist esgeriň 26-njy aprelde irden söweşýän taraplaryň arasyndaky “kontakt liniýasynyň” Azerbaýjan tarapyndan atylan okdan wepat bolandygyny aýtdylar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz goşunlarynyň separatistleriň pozisiýalaryna 24 sagadyň dowamynda 100-den gowrak gezek ok atandygyny 26-njy aprelde tassyklady.

Emma ministrlik Azerbaýjanyň harbylarynyň Ermenistan tarapyndan goldanýan güýçleriň atan okuna jogap berendigini aýtdy.

Aprel aýynyň başynda Daglyk-Garabag 1994-nji ýylda baglaşylyp, Azerbaýjanyň we Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistleriň arasyndaky konflikti uzak wagtlap köşeşdiren ýaraşykdan soňky döwürde iň güýçli zorluklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

5-nji aprelde konfliktdäki taraplaryň arasynda ok atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşyk güýje girdi. Taraplaryň ikisi-de bu ylalaşygy bozmakda bir-birini aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG