Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň karikaturaçy zenany tiz boşatjakdygy aýdylýar


Atena Farghadani
Atena Farghadani

Eýranly meşhur hudožnik we aktiwist Atena Farghadaniniň aklawçysy öz müşderisiniň häkimiýetler tarapyndan tiz wagtda boşadyljakdygyny aýtdy.

Mohammad Moghiminiň “The Associated Press” agentligine we Karikaturaçylaryň hukuklary boýunça halkara guramasyna 25-nji aprelde aýtmagyna görä, şikaýatlara garaýan sud Farghadaniniň 12 ýyllyk we 9 aýlyk tussaglyk möhletini 18 aýa çenli azaldypdyr.

Bu bolsa onuň tiz wagtda boşadyljagyny aňladýar diýip aklawçy belledi.

Moghimi öz müşderisiniň türmeden boşadylmagynyň takyk wagtynyň entek belli däldigini aýtdy.

2014-nji ýylda Farghadani zenanlaryň çaga dogurmak meselesindäki hukuklaryny çäklendirýän kanuny kabul eden eýranly syýasatçylary geçi we maýmyn hökmünde şekillendirmegi üçin sud edilipdi.

XS
SM
MD
LG