Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Putin Karimow bilen duşuşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow, Moskwa, 25-nji aprel, 2016

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow, Moskwa, 25-nji aprel, 2016

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň 26-njy aprelde Moskwada geçirýän duşuşyklarynyň netijesinde ençeme dokumente gol çekiljekdigini aýtdy.

Iki ýurduň prezidentleri beýleki resmileriň gatnaşmagyndaky duşuşygynyň öňüsyrasynda ikiçäk, çäkli formatda gepleşýärler.

Putin we Karimow 25-nji aprelde-de duşuşyk geçirdiler. Peskow duşuşygyň nahar başynda “formal däl” görnüşde geçendigini aýtdy.

Islam Karimowyň Orsýete edýän iki günlük sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksadyna gönükdirilýär. Şeýle-de prezidentleriň regional we halkara meselelerini maslahat etjekdigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG