Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazyny artdyrmakçy


Türkmenistanyň Nebit-gaz minsitrliginiň websaýtyndan alnan surat.

Türkmenistanyň Nebit-gaz minsitrliginiň websaýtyndan alnan surat.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjek täze gazgysyjy desganyň gurulýandygyny habar berýär.

Ministrligiň 25-nji aprelde ýaýradan maglumatynda bellenmegine görä, bu gazgysyjy desga Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň “Malaý” gaz ýatagynda gurulýar.

Resmi maglumatda bu desganyň kömegi bilen gaz ýatagyndan her ýylda 30 milliard kubometr gaz almak göz öňünde tutulýandygy bellense-de, desganyň gurluşygynyň takyk möhletleri barada maglumat berilmeýär.

Ýeri gelende bellesek, “Malaý” ýatagyndan çykarylýan gaz “Türkmenistan-Hytaý” halkara gazgeçirijisini mawy ýangyç bilen üpjün edýär.

125 milliard m3 türkmen gazy

Mälim bolan maglumatda gazgysyjy desganyň tutýan meýdanynyň 600 m2 barabardygy we onuň gurluşygynyň “Türkmennebitgazgurluşyk” kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän täze desga, gazgeçirijiniň başlangyç nokadyndaky tehniki-ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmaga niýetlenýär we ol gazy ýerden gysyp çykarmak funksiýasyny ýerine ýetirer diýlip, ministrligiň duşenbe güni ýaýradan maglumatynda bellenilýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, häzir Türkmenistan Hytaýa öz gazyny iki ugur boýunça akdyrýar. Resmi maglumatlara görä, 2009-njy ýyldan 2015-nji ýylyň awgust aýyna çenli Hytaýa 125 milliard m3 türkmen gazy akdyrylypdyr.

Karz alnan puluň öwezine

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň soňky maglumatynda bolsa “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, 2021-nji ýylyň ahyryndan başlap Türkmenistandan Hytaýa ýylda 65 milliard m3 gaz akdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy nygtalýar.

Bellemeli ýeri, häzirki wagtda türkmen gazy Hytaýa öň karz alnan puluň öwezine, ýagny Hytaýyň Türkmenistana ýatyran sermaýasynyň hasabyna akdyrylýar. Türkmenistan Pekine öz bergisini doly üzýänçä, Hytaýa akdyrylýan gazdan girdeji gelmez.

Galyberse-de, Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň bazar bahasy barada hem halk köpçüligine hiç hili maglumat elýeterli edilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG