Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisýan Ýerewanda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär


Ýerewanda 25-nji aprelde gijagşam bir awtobusda bolan güýçli partlamadan soňky ýagdaý.
Ýerewanda 25-nji aprelde gijagşam bir awtobusda bolan güýçli partlamadan soňky ýagdaý.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Ýerewanda 25-nji aprelde gijagşam bir awtobusda bolan güýçli partlamadan soň paýtagtyň polisiýasyna şäherde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi buýurdy. Partlamada iki ýolagçy ölüp, ýene ýedi adam ýaralandy.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi partlamanyň agşam ýerli wagt bilen sagat ona golaý şäheriň merkezine ýakyn etrapda ýerleşýän Halabýan köçesinde bolandygyny aýtdy.

Partlama näme zadyň sebäp bolandygyny bada-bat anyklamak başartmady. Muňa bombanyň sebäp bolan bolmagy mümkinmi diýip soralanda, polisiýanyň sözçüsi: "Bu barada belli bir zat aýdardan entek ir" diýip jogap berdi.

Ýöne milli polisiýanyň başlygy Wladimir Gasparýan hadysadan az wagt soň žurnalistlere beren maglumatynda muňa düýbünden ýok diýmedi.

Partlama

"Armenpres" habar gullugynyň bildirmegine görä, Gasparýan partlamanyň awtobusyň ikinji hatardaky oturgyjyň üstünde ýa aşagynda bolandygyny aýdypdyr. Onuň bellemegine görä, häzir polisiýanyň derňewçileri bu ýerde oturan ýolagçynyň kimdigini anyklamaga synanyşýarlar.

"AFP" habar gullugynyň reportýorynyň wakanyň bolan ýerinden bildirmegine görä, partlama awtobusy dargadyp, golaýdaky binalaryň penjirelerini goparypdyr.

Bu hadysa barada ýarygijeden az salym soň çykarylan beýannamada Sarkisýanyň metbugat wekili Wladimir Hakobýan hukuk goraýjy ofiserleriň, şeýle hem halas ediş toparlaryň partlamanyň bolan ýerinde iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Ol: "Işleriň gidişi barada respublikanyň prezidentine wagtly-wagtynda habar berilýär" diýdi.

Beýannamada Sarkisýanyň polisiýa ermeni paýtagtynda "howpsuzlyk we patrullyk çäreleriniň güýçlendirilmegini" tabşyrandygy bellenilýär.

Onda şeýle-de: "Saglygy goraýyş ministrligi ýaralanan adamlary medisina kömegi bilen üpjün etmek üçin gerekli çäreleri görýär. Biz jemgyýetçiligi subut edilmedik maglumatlary ýaýratmazlyga çagyrýarys" diýilýär.

Partlamada, aýratyn-da 14 we 15 ýaşly iki oglan agyr ýaralanyp, Ýerewanyň bir keselhanasynda gyssagly operasiýa edilipdir. Doktorlar olaryň jany howp astynda diýýärler.

XS
SM
MD
LG