Sepleriň elýeterliligi

Moskwa howpsuzlyk konferensiýasyny geçirýär


Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow we ÝHHG-niň baş sekretary L.Zannier, Moskwa, 2015

Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow we ÝHHG-niň baş sekretary L.Zannier, Moskwa, 2015

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 27-nji aprelde Moskwada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Lamberto Zannier bilen duşuşar.

Duşuşyk Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň Moskwada howpsuzlyk boýunça geçirýän konferensiýasynyň ýanynda geçiriler.

Daşary işler ministrligi Lawrowyň we Zannieriň ÝHHG-niň Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasynyň işlerini ara alyp maslahat edjekdigini habar berdi. Missiýa gündogar Ukrainada Minsk ylalaşygynyň çäginde ok atyşygyň bes edilişine syn edýär.

Moskwa saparynyň öňüsyrasynda Zannier Kommersant gazetinde çap edilen makalasynda özüniň Lawrow bilen duşuşygynda Orsýetiň NATO hem Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny hem maslahat etjekdigini aýdypdy.

Şol bir wagtyň özünde-de howpsuzlyk boýunça konferensiýanyň ýanynda Eýranyň goranmak ministri Hosseýn Deghan Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşar. Taraplaryň arasynda Tähranyň Orsýetden söweş uçarlaryny we tanklary satyn almagy barada maslahat edilmeginiň ähtimaldygy barada habar berildi.

XS
SM
MD
LG