Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz parlamentiniň täze spikeri saýlandy


Parlamentiň ýolbaşçysyny saýlamak boýunça ses berişlik

Parlamentiň ýolbaşçysyny saýlamak boýunça ses berişlik

Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary parlamentiň täze spikerini saýlamak boýunça gizlin ses berişlikde Sosial demokratik partiýasynyň agzasy Çynybaý Tursunbekowy saýladylar.

Jemi 88 kanun çykaryjy Tursunbekowa ses berdi. 27-nji aprelde geçirilen ses berişlikde “Öňegidişlik” atly partiýanyň wekili Masaliýew 26 ses toplady.

Gyrgyz kanun çykaryjylarynyň parlamentiň täze ýolbaşçysyny saýlamak boýunça 20-nji aprelde geçiren ses berişligi başa barmandy, sebäbi dalaşgärleriň ikisi-de, ýagny “Gyrgyzystan” partiýasyndan Kanat Isaýew we “Öňegidişlik” partiýasyndan Bakyt Torobaýew her biri 51 ses toplapdy.

120 orunlyk parlamente ýolbaşçy saýlamak üçin azyndan 61 ses toplamak gerek.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň öňki spikeri Asylbek Jeenbekow öz dogany Sooronbaý Jeenbekow premýer-ministr wezipesine hödürlenenden soň aprel aýynyň başyndan wezipesinden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG