Sepleriň elýeterliligi

Hytaýly abraýly aktiwist aradan çykdy


Harry Wu

Harry Wu

Hytaýly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we öňki syýasy tussag Harry Wu 79 ýaşda aradan çykdy.

Aktiwistiň esaslandyran “Laogai barlaglar fondy” onuň 26-njy aprelde Hondurasda ýoldaşlary bilen dynç alan wagtynda aradan çykandygyny habar berdi.

Wu onlarça ýyllap Hytaýyň zähmet lagerleri barada habar berip gelipdi. “Laogai” ady bilen tanalýan bu lagerler Mao Zedongyň goly astynda döredilipdi.

Aktiwist 1960-njy ýylda Hytaýyň ýakyn ýarany bolan Sowet Soýuzyna garşy eden çykyşyndan soň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol 19 ýyllap zähmet lagerinde dag-magdançylyk, ýol gurluşyk we ýer önümçilik işlerinde işländen soň, 1979-njy ýylda boşadylypdy.

Harry Wu ýenjilipdi, gynalypdy we ölüme ýakyn halda bolupdy, şeýle-de hytaýly tussaglaryň ençemesiniň ölümine şaýat bolupdy.

Wu 1985-nji ýylda ABŞ syýahat edip, Hytaýyň zähmet lagerleri barada maglumat ýaýratmak ugrunda iş alyp bardy. “Laogai barlaglar fondy” 1992-nji ýylda Waşingtonda döredildi.

XS
SM
MD
LG