Sepleriň elýeterliligi

ITC-Yrak türkmen fronty we tejribeleri


Yrakda ýaşaýan etniki türkmen çagalary.

Yrakda ýaşaýan etniki türkmen çagalary.

Aýdylşyna görä, dünýä türkmenleriniň arasynda syýasy hem jemgyýetçilik tejribeleri taýdan tapawutlanýan toparlaryň biri hem Yrakda ýaşaýan etniki türkmenlerdir.

Yrak türkmenleriniň syýasy hem jemgyýetçilik durmuşynda esasy roly oýnaýan ITC-Yrak türkmen fronty golaýda özüniň döredilmeginiň 21-nji ýylyny dürli dabaralar hem çäreler bilen belledi.

Eýse, ITC-Yrak türkmen fronty 21 ýylyň dowamynda Yrakdaky etniki türkmenleriň durmuşynda göz öňünde tutuşy ýaly rol oýnap bildimi? Göz öňünde tutulan maksatlaryň hemmesine ýetildimi ýa-da nähili sepgitlere ýetildi? ITC-Yrak türkmen fronty, dünýä türkmenleriniň ata watany diýilýän Türkmenistan bilen nähili gatnaşyklary ýola goýup bildi? Mundan beýläk nähili planlar göz öňünde tutulýar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny ITC-Yrak türkmen frontunyň dünýä türkmenleri üçin göreldelik gazanan tejribelerine gönükdirýär.

Bu temadaky gepleşige gatnaşmak isleýänler Azatlyk Radiosy bilen hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler. Bu ugurdaky teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG