Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan, BMG, ÝB: Raýat jemgyýetçiligi maslahat edildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň problemalary boýunça seminar geçirildi.

Türkmen mediasyna görä, Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş programmasy we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde geçirilen seminar “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: Kanunyň hökmurowanlygynyň binýady” atly programmanyň bölegi bolup durýar.

Seminara türkmen resmileriniň, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň regional wekilleriniň gatnaşandygy aýdyldy, emma graždan jemgyýetçiligi tarapyndan gatnaşanlar mälim edilmedi.

Duşuşykda “ýurtda adamyň syýasy, graždan, ykdysady, sosial we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny kepil geçýän döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň döremeginiň tapgyrlaýyn prosesiniň geçýändigi nygtaldy”, diýlip resmi maglumatlarda aýdyldy.

Türkmenistanda demokratiýanyň we graždan jemgyýetçiliginiň ösüşi boýunça resmi çäreler yzygiderli geçirilýär. Şol bir wagtda-da halkara guramalary Türkmenistany raýat azatlyklaryny iň berk gysýan ýurtlaryň arasynda görkezip gelýärler.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatyna görä, Türkmenistan soňky ýylyň dowamynda dünýäde metbugat azatlygyna iň berk basyş görkezen ýurtlaryň biri bolup, diňe Demirgazyk Koreýadan yza galýar.

XS
SM
MD
LG