Türk altyn söwdagäri Eýranyň hökümetine ABŞ sanksiýalaryndan sowlup, ýüzlerçe million dollarlyk maliýe serişdesini geçirmek babatda bildirilen aýyplamada özüni günäli hasaplamaýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň we dogduk watany Eýranyň raýaty bolan Reza Zarrab ABŞ-nyň Manhattan etrap sudundaky diňlenişikde, sudýa Riçard Bermanyň öňünde çykyp gürledi.
33 ýaşyndaky Zarrab geçen aý Maýamide tussag edilipdi. Ol geçen aý özüniň bir işgäri, Kamalia Jamşidi we Eýrandaky «Mellat» bankynyň jogapkär resmisi Hosseýin Najafzade bilen bilelikde aýyplandy.
Soňky iki aýyplanýanyň ikisi hem eýranly bolup, olar häzir azatlykda gezip ýör.
Prokurorlar bu üç adamyň 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli eýran kärhanalaryna, şol sanda «Mellat» bankyna we şahslaryna, ABŞ sanksiýalaryndan sowlup, Türkiýede we Birleşen Arap emirliklerinde Zarrabyň eýeçiliginde işledilýän kompaniýalar arkaly maliýe transaksiýalaryny amala aşyrmak kömegini edendigini aýdýarlar.