Sepleriň elýeterliligi

Orsýet täze kosmodromyndan raketa uçurdy


Putin, müňlerçe km ýol geçip, Moskwadan raketa uçurylyşyny görmäge geldi.

Putin, müňlerçe km ýol geçip, Moskwadan raketa uçurylyşyny görmäge geldi.

Orsýet 28-nji aprelde, prezident Wladimir Putini tolgundyran tehniki näsazlyk düzedileninden bir gün soň, täze guran «Wostoçnyý» kosmodromyndan ilkinji raketasyny uçurdy.

Adamsyz «Soýuz» raketasy, üç hemra bilen, Gündogar Amur regionynda, Hytaý bilen serhediň golaýyndaky kosmos portunda irden uçuryldy.

Orsýetiň Roskosmos agentliginiň sözçüsi hemralaryň orbita üstünlikli çykandygyny we olar bilen aragatnaşygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

Putin, müňlerçe km ýol geçip, Moskwadan raketa uçurylyşyny görmäge geldi we birinji synanyşykdan soň, ikinji güne galdy.

27-nji apreldäki birinji synanyşyk raketa uçurylmazyndan üç minutdan hem az wagt içinde goýbolsun edildi we Kremliň taryhy waka atlandyran çäresine gatnaşmaga gelen Putini lapykeç etdi.

Täze kosmos desgasy Orsýetiň Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyna baglylygyny azaltmak maksadyndan ugur alýar.

XS
SM
MD
LG