Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýet bilen gowy gatnaşjagyny aýdýar


 Donald Tramp
Donald Tramp

Respublikanlaryň prezidentlige öňdebaryjy dalaşgäri Donald Tramp, eger prezident saýlansa, Orsýet we Hytaý bilen has gowy gatnaşyk guramaga çalyşjakdygyny aýdýar.

Tramp 27-nji aprelde Waşingtonda sözlän daşary syýasat sözünde, ABŞ-nyň Orsýet bilen «düýpli pikir dürlüligi» bolsa-da, Moskwa bilen aradaky häzirki dartgynlyklary «kuwwatlylyk pozisiýasyndan» azaltmak mümkin diýdi.

Ol Tramp prezidentliginiň dünýä amerikan bähbitleriniň aýdyň linzasyndan seredip, Orsýet we Hytaý bilen «özara peýdaly bähbitlere» daýanýan «umumy orun» tapmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG