Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Küýselýän senet


Dutar.
Dutar.

Adam islegi şertlere görä bolmasa gerek. Göwün Annaseýidiň sazlaryny küýseýär. Ýogsam biziň aramyzda dag bilen deňiz bar.

Nesil

Deň-duşlary oňa ,,Mylly aga” diýýär. Türkmen tele-radiosy bilen ,,Türkmenfilmde” ,,Annaseýit Annamyradow” diýlip, resmi ady tutulýar. Oňa ,,Kiçi Mylly” diýýänler has köpräk.

Annaseýit şol meşhur Mylly Täçmyradyň ýuwlugy. Mylly aganyň üç ogly hem dört gyzy bolan. Ogullary Annamyrat, Hojamyrat hem Kuly. Annamyrat bilen Kuly geçen Jahan urşuna gidip, dereksiz ýitipdirler. Hojamyrat bolsa 1939-njy ýylda ýogalypdyr.

Annamyratdan bolan ogla Ata diýýärler. Atanyň ogullarynyň biri Annaseýit, ýagny Mylly aganyň çyn ady dakylan. Onuň dogany Hojaly, oňa Hojamyradyň adyny dakypdyrlar.

Gudrat

Tötänleýin duşuşykda, belli sazanda Han Aky haýran galmak bilen şeýle diýdi:

– Men dünýäde geň gudrat gördüm. Alla Tagala raketa salyp, Mylly agany biziň zamanamyza atypdyr. Annaseýit diýilýän sazanda, edil Mylly Täçmyrat. Saz çalşy halypanyň agyjak özi bolup dur. Ondan gözüňi aýrar ýaly däl. Allanyň gudratyna haýranlar galýan!

Annaseýit Annamyradow.
Annaseýit Annamyradow.

Şondan soň bu sazanda meniň garaýşym başga boldy. Onuň her bir hereketinden, çalýan sazlaryndan beýik halypany görjek boldum.

Annaseýit meniň üçin Mylly aga bolmady. Belki, ony golaýdan tanamsoň şeýledir. Ýöne Mylly aganyň mekdebinden çykan bir kämil ynsan.

Beýleki tarapdan, özi-de Mylly aga eýemseklik edip baranok.

Gürrüňçilikde Mylla aga ýatlansa, Annaseýit hiç wagt ,,meniň garry atam” diýip, uly halypa eýemseklik etmän, il deňinde ,,Mylly aga” diýip, adyny tutýar.

Gözellik

Ýalkym obasynda, zähmet Gahrymany Amangeldi aganyň öýünde toý boldy. Biz onuň körpe ogly, ýazyjy Ylýas Amangeldiniň jaýynda oturdyk.

Şowhun-şagalaň peselensoň, kiçi Mylly aga dutary eline aldy. Içerä haýran galarlyk ümsümlik aralaşdy. Gowudan-gowy, gözelden-gözel sazlar başlandy.

Oturanlar Annaseýide belet bolansoň, ,,pylan sazy çal” diýýän ýok. Ol haýsy sazy çalsa, şony-da melul bolup diňleýärler. Ol bolsa öz meýline hem islegine eýerip, beýikden-beýik sazlara aralaşyp barýar.

Onuň şelpe kakýan elleri şeýle kesgin, inip çykyşyna göz iler ýaly däl. Perde tutýan barmaklary takyk hem çalt. Muny aýratynam ,,Ýandymy” çalanda synlasaň üýtgeşik.

Haýsy saz gowy?

Ol, megerem, gysgarak sazlara ezber bolsa gerek diýip çak edýän. Ol “Enäni” nähili gowy çalýar! Onuň “Nar agajy” hem “Bibijany” çalşy duran bir gözellik. Ahal-teke atlarynyň gysga aralyga ýyndam bolşy ýaly, olam gysga sazlarda kämillik baryny görkezýär.

Elbetde, onuň “Näler görüner” çalşy-da örän ajaýyp. Agyr sazlardan „Burnaşak“ bilen „Kepderini“ döredişi hem ussatlykdan habar berýär. ,,Hajygolagy” aýratyn ýatlamak gerek.

Halypaň kim?

Oturanlaryň arasynda Türkmensähradan gelen ýat myhman bar ünsüni Annaseýidiň hereketine gönükdirip otyrdy. Böwşeňlik bolanda:

– Seniň halypaň kim? – diýip, adaty sowal bilen ýüzlendi.

Mylly aganyň ýuwlugy bolarsyň-da, halypaň kim bolsun?! Onsoňam bu içerde Mylly agadan başganyň ady tutulanok ahyryn.

– Meniň halypama Soltanmyrat Jyga diýýärler. Ol tanalyp barýan sazanda bolmasa-da, çeküw daşy gaty dogrudan goýardy, bendäniň hasaby düzüwdi. Şol meniň halypam boldy.

Annaseýidiň jogaby meni haýran galdyrdy. Eline dutar alanyň köpüsiniň halypasy Mylly Täçmyrat, Pürli Sary ýa Jepbar Hansähet boljakdygyny bilýäs ahyryn. Ine, şahyrlar, ählisiniň halypasy Magtymguly ýa-da ondanam ýokardaky ussatlardyr.

Saz äleminde, elbetde, olardan ýokarda halypa ýok. Ýöne başda biri saňa dutar çalmagy öwredendir ahyryn. Seniň barmaklaryň üstünden basyp, perdäni görkezendir. Biri saňa göwünlik berip, ak ýola düşmegiňe ýardam edendir.

Köp halatda şol mugallym unudylýar. Onuň adyny tutmakdan çekinýänlerem bar. Annaseýit bu meselede dogrusyny aýtdy.

Dutar hakda

Annaseýide Mylly aganyň dutarynyň owazy, ondaky nähilidir içki ýaň barada aýtdym.

– Ol dutaryň gapagyndan – diýip, Annaseýit düşündirdi. – Mylly aganyň dutarynyň gapagy aşa ýuwka, ol näçe diýseň elde sürçelen. Aslynda gowy dutar bolup, olam köp gezek ele alynsa, soňabaka sesi mylaýymlaşýar, içinde owaz ýaňlanyp duran bolýar. Eger dutaryň sesi gaty bolsa, entek elde bişen däldir. Mylly aganyňky ýaly owaz almak üçin, dutary köp ýyllap eliň bilen ýülmemeli.

Bu gürrüňlerden bäri köp wagt geçdi. Belki, indi Annaseýidiň elindäki senet hem Mylly aganyň dutarynyň derejesine barandyr diýip çak edýän.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG