Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan pagta we bugdaý planyny kesgitledi


Pagta hasyly ýygnalýar, Türkmenistan

Pagta hasyly ýygnalýar, Türkmenistan

2016-njy ýylda Türkmenistan 1,6 million bugdaýy öndürmegi planlaşdyrýar. Onuň bir böleginiň ýurduň daşyna satylmagynyň planlaşdyrylýandygyny türkmen mediasy habar berýär.

Resmi plana görä, 2016-njy ýylda ýetişdiriljek pagta hasylynyň möçberi 1,05 tonna diýlip kesgitlendi.

Ýurtda 27 770 gektar ýerde gök önümleriň we beýleki azyk ösümlikleriniň ýetişdirilmeginiň planlaşdyrylýandygy hem habar berildi.

Türkmenistanyň şu ýyl yglan eden pagta we bugdaý plany geçen ýylkysyna gabat gelýär. Ýurt resmileri her ýyl öňünden kesgitlenen planyň doly berjaý edilendigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanýandygy üçin tankytlanýar.

Dünýäniň IKEA, H&M, Zara, Lee, Mango ýaly iri şirketleri Türkmenistanyň pagta önümçiliginde çaga zähmetini ulanýandygy we daýhanlara basyş edýändigi sebäpli «Türkmenbaşy jyns kompleksi» atly dokma kärhanasy bilen işleşmegini bes edýändiklerini yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG