Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Sawçenkonyň doganyny serhetde saklady


Wira Sawçenko
Wira Sawçenko

Reuters agentligi Orsýetiň serhetçileriniň ukrainaly pilot Nadýa Sawçenkonyň aýal doganyny tussag edendigini habar berýär. Bu ýagdaýyň Wira Sawçenkonyň türmedäki doganyny görüp gaýdansoň ýüze çykandygy aýdylýar.

Reutersyň habar bermegine görä, Wira Sawçenko Ukrainanyň diplomatik ulagynda serhetden geçmäge synanyşan wagtynda orsýet serhetçileri tarapyndan tussag edilipdir, onuň pasporty elinden alnypdyr. Oňa kömek bermek üçin 28-nji aprelde Orsýetiň serhedine ukrainaly diplomatlaryň barandygy habar berilýär.

Serhetçiler Sawçenkonyň federal gözleg sanawyndadygyny mälim etdiler, diýip Ukrainanyň prezidentiniň metbugat-wekili Ýarema Dukh aýtdy.

Serhet gözegçileri Sawçenkony näme sebäpden saklanandygyny mälim etmediler. Noýabr aýynda Orsýet Wira Sawçenkonyň suda hormat goýmazlygy sebäpli oňa garşy jenaýat işini gozgady. Wira Sawçenko sudýalary gömük diýip atlandyrypdy.

Kiýew Ukrainanyň Orsýetiň Rostow-na-Donu port şäherindäki baş konsulyny Sawçenko kömek bermek üçin serhede ýollady.

Bu wakanyň öňüsyrasynda habar agentlikleri Orsýetde 22 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen Nadýa Sawçenkony ekstradisiýa etmek prosesiniň başlanandygy barada habar berdiler.

XS
SM
MD
LG