Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prokurory 'galp informasiýa' barada duýdurdy


Gazagystanyň Baş prokuraturasy, Astana
Gazagystanyň Baş prokuraturasy, Astana

Gazagystanyň baş prokurory Žagip Asanow “ýeriň hususylaşdyrylmagy barada galp maglumat” ýaýratmagyň jenaýatdygy barada duýduryş berdi.

Asanow 28-nji aprelde eden beýannamasynda soňky günlerde media serişdelerinde we internetde çap bolan hem ýer giňişlikleriniň daşary ýurtlularyň eýeçiligine berilmegini çak edýän maglumatlaryň “galpdygyny” aýtdy.

“Galp maglumatlar birugsat köpçülikleýin üýşmeleňlere çagyryşlary öz içine alýar we kanun tarapyndan jezalandyrylýan sosial nägileliklere çagyrýar” diýip Asanow aýtdy.

Asanowyň duýduryşy ýüzlerçe adamyň Gazagystanyň demirgazyk-günbatar Aktobe şäherinde we demirgazyk-gündogar Semei şäherinde ýöriş geçirip, hökümetiň 1-nji iýuldan başlap jemgyýetçilik ýerlerini auksionlar arkaly hususylaşdyrmak kararyna protest bildirdiler.

24-nji aprelde Atyrau şäheriniň azyndan 1000 ýaşaýjysy plana garşy çykyş edipdi. Protestçiler ýeriň daşary ýurtlularyň eýeçiligine ýa-da olara kireýne berilmeli däldigini aýtdylar.

26-njy aprelde Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew daşary ýurtlularyň oba hojalyk ýerlerini 10-25 ýyllyk möhletli kireýne almagyna rugsat beriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG