Sepleriň elýeterliligi

"Ýolka görse – bukular, maşyn görse – topular"


Aşgabat, postda duran polisiýa ofiseri.

Aşgabat, postda duran polisiýa ofiseri.

Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky ýol gözegçileriniň işi barada açan forumyna goşulanlaryň aglabasy türkmen polisiýasynyň bu pudakda alyp barýan işinden, hususan-da giň ýaýradygy aýdylýan korrupsiýadan aşa nägile bolup görünýär.

Olaryň arasynda, Allaberdi Bagyýew ýaly, «Türkmen ýol gözegçilerini doly ýatyryp, çatryklaryň ählisinde wideokamera goýmagy, sürüjilik şahadatnamasynyň para bilen alynmagynyň garşysyna göreşmegi» teklip edýänler-de bar.

Ýolagçy atly okyjymyz türkmen ýol gözegçileriniň «10-20 manat bereňsoň «gaty gowy» işläp başlaýandyklaryny» aýdýar. Başga bir okyjymyz (Aaa) ýol gözegçilik gullugynyň adyny özüçe üýtgedip, «ÝDPAG – Ýolda durup, para almak gulluk» diýip ýazýar. Brigada atly okyjynyň pikirine görä, «ýol gözegçilik gullugy gije-gündiz ýolda durup, para alyp gün görmese, ýatyp hem bilmeýär».

Türkmen atly okyjy bu forumdaky soraga sorag bilen jogap berýär, ýagny ýol gözegçileriniň «döwletden alýan aýlygyndan has köp puly ýönekeý halkdan, kösäp alýandygyny aýdýar we bu ýagdaýda olara nädip gowy diýeli diýip soraýar.

Türkmenistanda sowet ýyllarynda hem adamlar GAI, DAI diýlip atlandyrylan ýol gözegçileriniň ilaty kösäp, bahana tapyp, para bermäge mejbur edýändigi hakynda gürrüň ederdiler.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu pudakdaky korrupsiýany boýun alyp, polisiýanyň ýol gözegçilik işini, parahorlugy azaltmak maksady bilen, goşuna çagyrylan esgerlere ynandy. Emma Türkmenistanyň ömürlik prezidenti ýogalandan soň, bu düzgün üýtgedildi. Atsyz atly okyjymyz türkmen polisiýasynyň «para almak üçin işleýändigini» aýdyp, Nyýazow döwründäki ýaly, ýol gözegçiligi esgerlere tabşyrylsa, "belki, gowy bolar» diýýär.

Merw atly okyjymyz Türkmenistanda ýol gözegçiligi korrupsiýanyň «iň ösen pudagy» diýýär. Türkmen ýol gözegçileri temasy okyjylaryň käbiriniň ylhamyna ylham goşup, olary goşgy goşmaga hem iteripdir. Azat atly okyjymyz «Ýolka görse – bukular, maşyn görse – topular» diýip, olaryň «gülýaka dakynyp, taýakly dilegçilik edýän resmi parahordygyny” aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlislerinde korrupsiýa garşy çäre görüljekdigini, pudaklarynda parahorluk ýaly ýaramaz hadysalaryň ýüze çykmagyna ýol berýän ýolbaşçylara geçirimlilik bolmajakdygyny ýatladyp durýar.

Emma Habarçy atly okyjymyz, ýol gözegçilik polisiýasynyň işini mysal edinip, «Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda parahorluk günsaýy ösüp, öňe barýar» diýip ýazýar. Habarçynyň ýaňsy bilen ýazan teswirinde ýol gözegçileriniň «ala taýak bagtym, radar göz guwanjym» şygary astynda çäre geçirip, jübülerini dolduryp, Arkadaga alkyş aýdýandyklary» bellenýär.

Emma muňa garamazdan, teswir ýazyp, söhbete goşulanlaryň arasynda az-da bolsa, Türkmenistanyň ýol gözegçilik polisiýasynyň işinden razy okyjylaram bar.

Mysal üçin, adyny goýmadyk bir okyjymyz olaryň «gül ýaly işleýändigini», şolar bolmasa, sürüjileriň adamlaryň «üstünden hem sürjegini» ýatladýar. Şeýle-de ol «ýol gözegçileri sürüjilerden pul soranok, düzgün soraýar» diýýär. Hakykat atly okyjy bolsa, “Özüñ düzüw bolsañ, saña zat degýän ýok. Ilki özüñi oñarmaly» diýýär.

Ýöne Anion «meniň dostum ýol gözegçilik polisiýasy, ol işe giden wagty azyndan 400 manat getirýär öýüne» diýýär. Turkoman bolsa, «bermelisini berip, galanjasyndan öýüne getirýän puludyr ol» diýip ýazýar.

Doran Zait 2011-nji ýylda Türkmenistana barşyny ýatlaýar: «Polisiýa Maryda saklap, maşyny sürýäne meni görkezip, «bu näme kemer daňýa, biziň ýollarymyz howplumy näme?» diýýär. Gaýdyşyny ýene duruzdy, bu sapar «näme üçin kemer daňanok?» diýýär. Ştraf tölemeli bolduk, «gaýrat et, agam, eliňi aç, 10 manatjyk taşlaý diýýä» diýip, Doran Zait ýazypdyr.

Bu dawa özüne Işgär diýip at beren okyjymyzy hem söhbete goşulmaga iterene meňzeýär: «Ýol gözegçilik polisiýasy öz goýlan şertine görä işleýär. Ilki işe girende 4000 dollardan 6000 dollara çenli para berip işe girýär» diýip, Işgär ýazýar. Onuň sözlerine görä, «elinde taýak, jürlewük diýmeseň, maşyny özüň edinmeli, günde-de 10-12 sagat aýak üstünde durup, sowuk bolsun, yssy bolsun, tapawudy ýok, işlemeli».

Işgär ýol gözegçileriniň bu hili şertde öz aýlygyna işlmeýändigini, para alýandygyny, köplenç iki-üç ýyldan işden boşadylýandygyny aýdyp, soň indiki işgäriň hem şol şol ýoly gaýtalaýandygyna ünsi çekýär. Sürüji atly okyjymyz bolsa, «hiç edarany öwer ýaly däl, hemmesi para ýatdy» diýýär.

Şol bir wagtda, paranyň giň ýaýrandygyny aýdýan ýa-da beýle zadyň bardygyny inkär edýän okyjylardan tapawutlylykda, üçünji bir pozisiýany orta atýanlar, bu ýagdaýy ýerli medeniýet, halk häsiýeti bilen baglaýanlar hem bar.

Mähri Merw «Wzýatka (para) berýäň, işiň bitýär» diýýär. Onuň pikirine görä, «bu bir tarapdan gowy, şeýdip adamlaryň puluny gaňryp almasaň, prawila (düzgüne) seretmän, edenini ederdi biziň halk» diýip, Mähri Merw öz garaýşyny aýdypdyr.

Elbetde, bular okyjylaryň pikir-garaýyşlary we hiç bir jähtden Azatlyk radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG