Sepleriň elýeterliligi

Baku Daglyk-Garabagda raýatlar wepat boldy diýýär


Daglyk-Garabagyň Martakert regiony, ok atyşykdan soň, 26-njy aprel, 2016

Daglyk-Garabagyň Martakert regiony, ok atyşykdan soň, 26-njy aprel, 2016

Azerbaýjanyň resmileri Daglyk-Garabagda gije separatistler tarapyndan atylan okdan bir parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny we sekiz adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Bu beýannamanyň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Daglyk Garabag regionynyň güýçleriniň Azerbaýjanyň Terter we Agdam etraplaryny oka tutup, 5-nji aprelde güýje giren ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşygy bozandygyny aýtdy.

Ermenistan tarapyndan goldanýan separatist Daglyk-Garabag regionynyň resmileri Azerbaýjanyň beýannamasyny et etdiler we Bakuwy regionda amala aşyrýan harby hüjümlerinde tanklary, top oklaryny we raketa sistemalaryny ulanmakda aýypladylar.

Daglyk-Garabag 1994-nji ýyldan bäri iň güýçli zorluklary başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG