Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Keselhana edilen hüjümde 20 adam wepat boldy


Meýletinçiler habar berilen howa hüjüminiň netijesinde ýumrulan binadan çagany halas edýärler, 28-nji aprel, 2016.

Meýletinçiler habar berilen howa hüjüminiň netijesinde ýumrulan binadan çagany halas edýärler, 28-nji aprel, 2016.

Fransiýanyň “Serhetsiz lukmanlar” (MSF) guramasy gozgalaňçylaryň elindäki Aleppo şäherinde gije keselhana edilen howa hüjümi zerarly azyndan 14 näsagyň wepat bolandygyny 28-nji aprelde habar berdi.

MSF 27-nji aprelde göni howa zarbasyndan ýumrulan Al-Qudos keselhanasyna ýardam hödürledi.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama keselhanada azyndan 20 adamyň, şol sanda çagalaryň we çaga lukmanynyň wepat bolandygyny aýtdy.

Aleppoda Orsýet tarapyndan goldanýan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşlerde wepat bolanlaryň sany 22-nji aprelden bäri 133 adama ýetdi.

XS
SM
MD
LG