Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durmuşa göz gelmegiň ýeke-täk çäresi – kitap okamakdyr


23-nji aprelde Bütindünýä kitap güni bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli tanymal ýazyjylaryň kitap hakda beýan eden garaýyşlary:

Marcel Proust: “Çagalygymda hiç wagt kitap bilen geçiren günüm ýaly başga bir bagtly pursadym bolmady”.

Haruki Murakami: ”Eger sen diňe başgalaryň okaýanyny okasaň, onda senem edil başga adamlar ýaly pikir edip başlarsyň”.

Kurt Vonnegut: ”Okamak we ýazmak - meditasiýanyň şu wagta çenli oýlanyp tapylan iň ajaýyp görnüşidir. Taryhda ýaşap geçen ägirtleriň ýazan eserlerini okamak bilen biz öz pikirimizi meditasiýa etdirýäris. Bu bolsa bir gudratdyr”.

George Orwell: ”Kitap okamagyň deregine bizde it gezdirmek, meýhanada oturmak ýaýrawly bolupdyr. Munuň sebäbi kitabyň bahasynyň gymmat bolmagydyr”.

Henry Miller: ”Ruhumyza baýlaşmak mümkinçiligini döretmek üçin hökman kitap okamalydyrys”.

EM Forster: ”Kitaby okamak onuň içinde nämäniň bardygyny öwrenmegiň ýeke-täk ýoludyr. Käbir halklar kitaplary iýýärler. Ýöne kitap okamak - durmuşa düşünmegiň Günbatara mahsus bolan ýeke-täk tilsimidir”.

Vladimir Nabokov: ”Ýatmazdan öň, okamaga diýseň gyzykly bir kitabyň bardygyny ýada salmak, durmuşdaky keýpiň iň lezzetlisidir”.

Margaret Atwood: ”Okamak we ýazmak hem beýleki ugurlar ýaly käbir tejribeleriň üsti bilen ösüp, kämilleşýär. Ýaş okyjylar we ýazyjylar bolmasa, diýmek, geljekde ýaşuly okyýjylar we ýazyjylar hem bolmaz. Sowatlylyk we oňa bagly bolan demokratiýa hem şeýlelikde ýok bolup gider”.

Gustave Flaubert: ”Durmuşa döz gelmegiň ýeke-täk çäresi - özüňi kitaplar dünýäsine gark etmekdir”.

Franz Kafka: ”Meniň pikrimçe, biz özümizde diňe çuňňur täsir galdyrýan kitaplary okamalydyrys. Eger kitap okan mahalyň ol sende ýatdan çykmajak täsir galdyrmaýan bolsa, ony näme üçin okamaly?”

- Okaýarkaň, ýazýarkaň aşyňa näme goşýan bolsaň, ony iýýän mahalyň hem çemçäňe şol zat çykýandyr. Bu gaty gadymy nakyldyr, emma hut hakykatyň özüdir. Zadie Smith

Harper Lee: ”Kitap okamak ukybymy ýitirip biljekdigim barada oýlanyp, gorkan mahalym kitap okamaga hasam ürç etdim. Şoňa çenli onuň gadyr-gymmatyny bilmeýärdim. Bu edil adamynyň dem almagy söýmän durup bilmejegi ýaly bir zat”.

Joyce Carol Oates: ”Kitap okamak başga adamynyň bedenine, sesine, içerki dünýäsine, ruhuna girmegiň ýeke-täk ýoludyr”.

F Scott Fitzgerald: ”Sen özüň dünýewi hasratyň bir bölegi bolup durýandygyňy edebiýatyň gözelliginiň üsti bilen göz ýetirýärsiň. Kitap okan mahalyň sen özüňi ýalňyz duýmaýarsyň, gaýta sen özüň dünýäniň hasratynyň bir bölegi bolup durýandygyňa düşünýärsiň. Ondan soň sen hiç wagt ýalňyz galyp bileňok, ýalňyzlyk hem çekmeýärsiň, çünki sen ýaşaýşa kitap bilen mäkäm baglanýarsyň”.

Imani Mosley: ”Men özümi ýitirmek we soňam tapmak üçin kitap okaýaryn”.

"The Guardian" gazetinden alnan maglumatlar esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG