Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ukrain pilotynyň uýasyny saklaýar


Wira Sawçenko
Wira Sawçenko

Ukrain diplomatlary tussaglykdaky ukrain piloty Nadia Sawçenkonyň aýal doganynyň yzyna dolanyp gelmegi babatda tagalla edýändiklerini aýdýarlar, ol öz doganynyň işi bilen bagly sapardan gaýdyp gelýärkä Orsýetde saklanyldy.

Wira Sawçenko, aýdylmagyna görä, Orsýetiň serhetçi esgerleri tarapyndan saklanylyp, elinden pasporty alnyp, tussag edildi. Ol 27-nji aprelde, Ukrainynyň diplomat awtoulagynda, Orsýetden Ukraina dolanmaga synanyşypdyr.

Ýaş Sawçenko biraz soň boşadylyp, Don boýundaky Rostowa, ukrain konsullygyna alnyp gidildi diýip, Ýewropa geňeşindäki ukrain wekili Dmitro Kuleba 28-nji aprelde twitterde ýazdy.

Kuleba Don boýundaky Rostowdaky baş konsul Witaliý Moskalenkonyň, «ruslar bilen bolan gyzgyn jedelden» soň, Wira Sawçenkonyň boşadylmagyny gazanandygyny aýtdy. Moskalenko serhede Kiýew tarapyndan, Wira Sawçenka kömekleşmek üçin iberildi.

Wira Sawçenkonyň pasporty özüne gaýtarylyp berildi diýip, Kuleba aýtdy.
34 ýaşyndaky Nadia Sawçenko Ukrainada milli gahryman saýylýar we 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan anneksiýa eden hem-de gündogar Ukraianadaky separatist söweşijileri goldaýan Orsýete garşy durmagyň simwoly hasaplanylýar.

Wira Sawçenkonyň saklanylmagy onuň aýal doganynyň aklawçysynyň Nadia Sawçenkonyň Ukraina ekstradisiýa edilmegi üçin zerur resmi formalary alandygyny aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Sawçenko 2014-nji ýylyň ortasynda gündogar Ukrainadan Orste alnyp gaçylypdy we şondan bäri Orsýetde tussaglykda saklanylýar.

Kuleba Wiranyň «Çeçenistanda bir sudýany masgaralandygy üçin hakykatdanam Orsýetiň federal gözleg sanawyna girizilendigini» tassyk etdi.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň edarasy biraz öň serhet goragçylarynyň Wira Sawçenka onuň gözlenilýän adamlaryň sanawyndadygyny aýdandygyny habar beripdi.

Orsýet «gömük» atlandyryp, rus sudýasyna hormatsyzlyk etmekde aýyplamak bilen, noýabrda Wira Sawçenkoynyň garşysyna jenaýat işini açdy.

Nadia Sawçenko 22-nji martda rus sudy tarapyndan 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol gündogar Ukrainada ukrain hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky söweş mahalynda ölen iki rus žurnalistiniň ölümine dahyllylykda günäli tapyldy.

Nadia Sawçenko özüniň bigünädigini, alnyp gaçylandygyny we Orsýete bikanun getirilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG