Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Orsýet iki topary gara sanawa almagy soraýar


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin.

Orsýet Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýanyň iki gozgalaňçy topary "Jaýş Al-Islam" bilen "Ahrar Al-Şamy" gara sanawa almagyny teklip etdi. Moskwa bu teklibini bular terroristik toparlar bolan "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" bilen ilteşikli diýip delillendirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň diplomatlarynyň bellemegine görä, Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli komitetine agza beýleki 15 döwletiň birden-biri Orsýetiň "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" boýunça 27-nji aprelde eden bu teklibiniň öňüni böwetlemese, ol 11-nji maýda güýje girer.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin: "Bu göçüme sebäp bolan Siriýada uruşýan bu toparlaryň terroristik guramalar, ilkinji nobatda hem “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” bilen ilteşiklidigi baradaky maglumatlar" diýdi.

Waşingtonyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasy bolsa bu iki toparyň gara sanawa girizilmegi barada seresaplylyga çagyryp, bu iş Siriýada duşmançylygy duruzmak ugrunda edilýän tagallalaryň köküni gowşadar diýdi.

"Oppozisiýany bölmek"

"Jaýş Al-Islam" bilen "Ahrar Al-Şam" toparlarynyň sanawa alynmagynyň, edil şu wagt biz ýagdaýy köşeşdirmäge synanyşýarkak, duşmançylygyň soňuna çykmak işine weýran ediji zarba urar" diýip, amerikan missiýasynyň sözçüsi Edgar Wakues nygtady.

BMG-niň bir diplomatynyň "Reuters" habar gullugyna aýtmagyna görä, Orsýetiň bu göçümden maksady - "oppozisiýany bölmek", aram oppozisiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Moskwanyň ýarany Başar al-Assad bilen gepleşiklerdäki eýeleýän tutumyny gowşatmak.

Çurkin bu toparlaryň atyşyklary bes etmek düzgünini ýerine ýetirýänligi, Ženewada barýan ýaraşyk gepleşiklerine goşant goşýandygy hakda jedelleşip: "Ähli zady bolşy ýaly edip aýtmagyň wagty geldi" diýdi. Bu toparlar gara sanawa alynsa, onda olar geljekde atyşyklary bes etmek ýa parahatçylygy ornatmak baradaky gepleşiklere goşulyp bilmeýärler.

“Ýokary gepleşikler komiteti”

Orsýetiň Daşary işler ministrligi "Jaýş Al-Islam" bilen "Ahrar Al-Şam" gadagan terroristik toparlar bilen ilteşikli, bular Siriýada parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaly däl diýip, ozaldan aýdyp gelýär.

"Jaýş Al-Islam" Siriýanyň esasy ýaragly gozgalaňçy toparlarynyň biri. Ol oppozisiýanyň tarapyndan gepleşik geçirmek üçin öten dekabrda Al-Riýadda gurlan koalisiýanyň "Ýokary gepleşikler komitetiniň" agzasy.

“Ýokary gepleşikler komiteti” günbatar döwletleri, şeýle hem Saud Arabystany we beýleki arap döwletleri tarapyndan goldalýar. Ýöne ol Siriýa režiminiň atyşyklary bes etmek düzgünini bozýandygyny aýdyp, soňky wagtlarda ýaraşyk gepleşiklerine gatnaşmakdan boýun gaçyrdy.

"Ahrar Al-Şam" “Ýokary gepleşikler komitetine” girenok. Ýöne ol üstümizdäki aýda ýaraşyk gepleşiklerine gatnaşdy.

Salafistik topar bolan "Ahrar Al-Şamyň" öňki lideri Osama bin Laden bilen bir hatarda söweşen adam. Ýöne topar özüniň ”Al-Kaýdanyň” ideologiýasyna goşulmaýandygyny we guramaçylyk taýdan hem onuň bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG