Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň raýatyna 10 ýyl kesdi


Özüni Kim Dong Çul diýip tanadan raýat.

Özüni Kim Dong Çul diýip tanadan raýat.

29-njy aprelde Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlaryň raýatyny içalyçylykda we döwlete zyýan beriji işi etmekde aýyplap, 10 ýyl agyr türme tussaglygyna höküm etdi. Bu 2016-njy ýylda Demirgazyk Koreýa tarapyndan türme tussaglygyna höküm edilen ikinji amerikan raýatydyr.

Kim Dong Çul geçen ýylyň oktýabr aýynda Rason şäherinde tussag edilipdi.

Şu ýylyň mart aýynda Phenýanyň döwlet metbugatynda görkezilen şekillerde Kim Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetini agdarmak üçin özüniň Günorta Koreýanyň aňtaw gullugynyň resmileri bilen hyzmatdaşlyk we dildüwşük edendigini aýtdy.

Şeýle-de, Kim demirgazyk koreýalylaryň arasynda dini ýaýratmaga synanyşandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Demirgazyk Koreýada dini ýaýratmak jenaýat hasaplanylýar.

Demirgazyk Koreýa tarapyndan tussag edilip, özüniň günälidigini boýun alan daşary ýurt raýatlary azatlyga goýberilenden soň, özleriniň muňa mejbur edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG