Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Assadyň güýçleri iki şäherde ‘YD-a’ garşy hüjüm eder


Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Alekseý Borodawkin.

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Ženewada çykyş edip, Siriýanyň armiýasynyň “Yslam döwleti” atly toparyň Deir Ez-Zor we Rakka şäherindäki söweşijilerine garşy hüjümleri amala aşyrmaga taýýarlyk görýändigini aýtdy.

29-njy aprelde Orsýetiň “RIA” habar agentligine beren maglumatynda Alekseý Borodawkin Rus howa güýçleriniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly güýçler tarapyndan amala aşyryljak gury ýer kampaniýasyny howadan goldajakdygyny belledi.

Siriýanyň armiýasy, ençeme hepde dowam eden çaknyşyklardan we Orsýetiň howa zarbalaryndan soň, 27-nji martda Palmyra şäherini “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden yzyna aldy.

XS
SM
MD
LG