Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär


Eýranlylar parlament saýlawlarynda ses berýärler. 29-njy aprel, 2016 ý.

Eýranlylar parlament saýlawlarynda ses berýärler. 29-njy aprel, 2016 ý.

29-njy aprelde eýranlylar Tähranyň parlamentiniň düzümi kesgitlejek parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berýärler. Häzirki wagt Eýranyň parlamentinde hiç bir partiýa esasy köplügi eýelemeýär.

Bu saýlawlarda 17 milliona golaý adam ses berýär we onuň ilkinji netijeleri 29-njy aprel gijesi mälim ediler.

Eýranda 26-njy fewralda geçirilen parlament saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda prezident Hassan Rohaniniň aram we merkezçi ýaranlary uly üstünlik gazanypdylar. Emma olar parlamentde esasy köplügi eýelemekde şowsuz bolupdylar.

Rohaniniň fewral aýynda gazanan şowlulygy, onuň şu ýylyň ýanwarda aýynda dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy bilen baglaşan ýadro ylalaşygy netijesinde Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagy dogrusynda gazanan üstünligi bilen baglanyşdyrylypdy.

Rohani şol üstünligi parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda hem gazanmagy umyt edýär.

XS
SM
MD
LG